Agramy: 250 g we 500 g
Düzümi: Deňiz duzy, wazelin ýagy, fenoksietanol, metilparaben, etilaraben, efir ýagy, gliserin, aloýyn ekstrakty, künji ýagy.
Skrab (inlis sozünden "Scrub" – sürtmek, gazamak, arassalamak) öz düzuminde ýumşadyjy we ýörite bölejikleri saklaýar. Skrab – kosmetiki serişde bolup, ol derini çuň arassalamak we piling üçin ulanylýar.
Skrabyň täsiri: Skrabyň düzümindäki owunjak bölejikler derini,gyrmaga kömek edýär, arassalaýar we ölen öýjükleri aýyryar. ýumşadyjy täsiri netijesinde derini sypjyrylmadan goraýar, köplenç sowuklama garşy gowy täsir edýär. Netijede deriniň gan aylanşygy, kislorod alyş-çalşygy gowylaşýar, deri tekiz we tämiz bolýar.
Ulanyş ýygylygy: 0l deriniň görnüşine bagly. Eger deri gurak bolsa, skrab 10-12 günden bir gezek ulanylyar, sebäbi skrab ýygy-ýygydan ulanylsa epidermisi guradýar. Ýagly derini 3-4 günde birgezek arassalamak maslahat berilýär, kadaly deride hepdede 1 gezek ulanmak maslahat berilýär.
Eger deri gyjyndyrylan bolsa, skrab ulanmak maslahat berilmeýär, sebäbi deriniň beter sowuklamasynyň döremegi mümkin. ýüzüňi arassalamak kosmetologiýa ynanylsa oňaýly bolar. Bulardan başga-da deride sypjyrylma, ýanyklar, dermatitin ýiti görnüşi, psoriaz bar bolsa skraby ulanmaklyk maslahat berilmeýär.
Skrabyň ulanyş düzgüni:
- Ýüzüň derisi üçin skrab ýatmazdan öň ulanylsa has gowy. Ýüzüňi kosmetiki serişdelerden arassalap, skraby çyg derä aýlowly hereketler bilen owkalap 1-2 minutlap çalmaly. Aýlowly hereket maňlaýyn ortasyndan çekgä, eňegiň ortasyndan gulaklaryň ýumşaklygyna tarap edilmeli. Gözleriň töweregini piling bilen arassalamaly däl. Soň ýyly suw bilen ýuwmaly we iýmitlendiriji krem çalmaly.
- Eger-de deride birnäçe minutdan aýrylmaýan gyzarma dörese, onda bu skrabyň size ýaramaýandygyny aňladýar.
- Bedeniň derisi üçin skrab, köplenç, hammamdan ýa-da wannadan soň ulanylsa has gowy hasaplanýar. Skraby ulanandan soň bedene ýumşadyjy melhemleri çalmaly.
Gaplama gornüşi: polipropilen gutuda.
Saklanyş şerti: Gury, salkyn we 0-25"C dereje aralygynda, ýylylyk çeşmesinden uzakda, öz gabynda saklamaly.
Ulanma möhleti: 12 aý.