“Superbendezin”

“SUPERBENDEZIN” zyýansyzlandyryjy serişdesini ulanmak boýunça gözükdirijisi
Zyýansyzlandyryjy erginler

Önüm barada


Umumy düzgünler

Zyýansyzlandyryjy serişde (konsentrat) – bu dury, ýakymly ysly suwuklyk bolup durýar. Düzüminde 10% benzalkoniý hloridi, etanoly saklaýar.
Serişde göwrümi 1000 ml polietilen gaplarda we 4000 ml polietilen kanistrlerde goýberilýär. 

Serişdäniň ulanyş möhleti, onuň öndürijiniň açylmadyk gabynda + 50С-dan + 300С çenli temperaturada saklanylan şertinde 2 ýyldan ybarat. Açylan gapda (agzy jebis ýapylan) 25 gün.

Serişde bakteriýalar (şol sanda inçekesel mikobakteriýalaryny), Kandida, dermatofitler kömelekleri, heň kömelekleri babatda mikroblara garşy täsirine eýelik edýär. 

Serişde bejeriş-öňüni alyş edaralarynda, jemagat hojalygy obýektlerinde (myhmanhanalar, umumy ýaşaýyş jaýllar, howdanlar, hammamlar we baş.), jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda, çagalar edaralarynda jaýlaryň içindäki üst ýüzlerini, sanitar-tehniki enjamlaryny, näsaglara ideg edilýän esbaplary, ýorgan-düşek daşlyklaryny, geýimleri, gap-gaçlary zyýansyzlandyrmak üçin niýetlenilýär.