"Mikrodez"

“MIKRODEZ” zyýansyzlandyryjy serişdesini ulanmak boýunça gözükdirijisi
Zyýansyzlandyryjy erginler

Önüm barada


Umumy düzgünler

Serişde dury reňksiz, limon ysly, suw bilen oňat garyşýan ergin bolup durýar.
Täsir ediji maddalar hökmünde onuň düzümine 5,0% didesil dimetil ammoniý hloridi, etanoly, korroziýa ingibitoryny saklaýar. 

Serişde göwrümi 1000 ml polietilen gaplarda, 4000 ml polietilen kanistrlerde goýberilýär. 
Serişdäniň suwly erginleri dury, metallardan, termolabil materiallardan lukmançylyk gurallaryň korroziýasyny ýüze çykarmaýar, arassalanylýan desgalary zaýalamaýar.

Konsentratyň ulanyş möhleti – taýýarlanylan gününden 2 ýyl. Işçi erginleriň ulanyş möhleti – 10 gije-gündiz. 
Serişde bakterisid (şol sanda tuberkulosid) , fungisid (Kandida we dermatofit kömeleklere) häsiýetlerine eýedir. 

Serişde şu aşakdakylar üçin niýetlenilýär:

- zyýansyzlandyrma üçin: islendik ugurly bejeriş-öňüni alyş edaralarynda, ýokanç keseller ojaklarynda, çagalar edaralarynda, kommunal desgalarynda, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda we azyk söwda kärhanalarynda öňüni alyş zyýansyzlandyrmasy üçin,  jaýlaryň ýüzlerini, içindäki goşlaryny, sanitar-tehniki enjamlary, arassalaýyş inwentaryny, ýorgan-düşek daşlyklaryny, gap-gaçlary, oýunjaklary, metallardan, çüýşeden, plastmassdan  we rezinden ýasalan, näsaglara ideg edilýän esbaplary zyýansyzlandyrmak üçin;

- çüýşeden, rezinden, plastmassdan, metallardan (şol sanda hirurgiki we stomatologiki gurallary, maýyşgak we gaty endoskoplary, olaryň gurallaryny) lukmançylyk gurallary zyýansyzlandyrmak üçin;

- görkezilen lukmançylyk gurallaryny el usuly bilen sterilizasiýadan öňki arassalaýyş üçin, şol sanda zyýansyzlandyrma bilen utgaşdyrylan;

- ultrasesi ulanmak  bilen hirurgiki we stomatologiki gurallary mehanizmleşdirilen, zyýansyzlandyrma bilen utgaşdyrylman, sterilizasiýadan öňki arassalamak üçin.