“DEZ-DESMAL"

“DEZ-DESMAL BAKTERIÝA GARŞY GIGIÝENIKI ÇYGLY DESMALLAR” zyýansyzlandyryjy serişdesini ulanmak boýunça gözükdirijisi
Zyýansyzlandyryjy erginler

Önüm barada


Umumy düzgünler

Elleri,derileri,üst ýüzleri,lukmançylyk enjamlary we gurallary zyýansyzlandyryjy antibakterial serişde.

Öz düzüminde 0,2% hlorgeksidin glýukonat, dokuma öýjükleriniň täzeleýji,IPA,etil spirdini  saklaýar.

Serişde1, 24,36 we köp sanly polietilen gapda gaplanylýar.

Ulanylyş möhleti-3 ýyl.Gözükdirijide görkezilen temperaturada saklamaklyk esasynda möhleti geçýänçä ulanmaklyk bolýar.
Serişde antiseptik hökmünde ulanylýar we şu aşakdakylar üçin niýetlenilýär:

-elleri gigiýeniki maksat bilen,lukmançylyk enjamlaryny we gurallaryny zyýansyzlandyrmakda giňden ulanylýar.

-arassaçylygyň zerur bolan,ýokanç keselleriň ýokuşyp we zyýanly mikrobedenjikleriň aralaşyp biljek ýerlerinde ulanylyp biliner.

-ginekologiýada bejeriş-anyklaýyş emellerini geçirmekden öň deri örtüklerini we nemli bardalary zyýansyzlandyrmak.

-ýokançlanmanyň öňüni almak maksady bilen zeperlenen deri örtüklerini zyýansyzlandyrmak (sürtülmeler, jaýryklar we ş.m.).

Serişdäniň ulanylyşy
Desmaly gabynda açyp elleri we derileri süpürmeli.Soňra 3-5 sekunt ýelejiretmeli.

SERESAPLYK ÇÄRELERI
+5°С-dan +30°С çenli temperaturada, derman serişdelerinden aýratyn, çagalara elýetmez ýerde saklamaly. Ulanyş möhleti tamamlandan soňra  çygly dez-desmaly ulanmak gadagandyr. 

ILKINJI KÖMEK ÇÄRELERI
Çygly dez-desmallar  gözlere  düşen ýagdaýynda ýerli-gyjyndyryjy täsiriniň alamatlary ýüze çykyp bilýär.

Serişdäniň derä düşen ýagdaýynda ony suwuň köp mukdary bilen sabynlap ýuwmaly.
Serişdäniň gözlere düşen ýagdaýynda olary haýal etmän suw bilen 10-15 minudyň dowamynda ýuwmaly, gyzaran ýagdaýynda 30% sulfasil natriýniň erginini damdyrmaly we dessine lukmana ýüz tutmaly!

SAKLANYŞY  WE DAŞALYŞY
Serişdäni ammarda öndüriji kärhananyň gabynda, ýeňillik bilen tutaşyp ýanýan suwuklyklary saklamagyň düzgünlerine laýyklykda plýus 5°С-dan plýus 30°С çenli temperaturada, azyk önümlerinden, derman serişdelerinden aýratyn, çagalar üçin eleýeter bolmadyk ýerde saklaýarlar. 

Serişdäni daşamak  öndürijiniň asyl gaplan gaplarynda, ulaglaryň şol görnüşinde hereket edýän we serişdäniň we gabynyň abatlygyny kepillendirýän, ýükleri daşamagyň düzgünlerine laýyklykda ulaglaryň islendik görnüşinde amala aşyrylýar.
Daşky gurşawy goramak çäreleri: garylmadyk serişdäniň akar/ýerüsti ýa-da ýerasty suwlaryna we lagym ulgamyna düşmegine ýol bermeli däldir.