“Bakteriol”

“BAKTERIOL” zyýansyzlandyryjy serişdesini ulanmak boýunça gözükdirijisi
Zyýansyzlandyryjy erginler

Önüm barada


Umumy düzgünler
 
Serişde ulanmaga taýýar, özboluşly ysly, reňksiz dury ergindir.
 
Täsir ediji maddalar hökmünde düzüminde 10% didesilftalat dimetil hlorid ammoniý, 5% benzalkoniý hlorid, korroziýa ingibitory saklaýar. Serişde suw bilen gowy garyşýar.
 
Öndürijiniň gabynyň açylmadyk şertinde serişdäniň ulanyş möhleti – 2 ýyl, işçi erginlerini – 14 gün. Serişde doňdurylandan soňra hem öz häsiýetlerini saklaýar. 
 
Serişde   1000ml  göwrümli polietilen gaplarda   we 4000ml göwrümli polietilen kaniitrlerde goýberilýär. 
 
Serişde grampoložitel we gramotrisatel  bakteriýalara, şol sanda hassahanada döreýän kesel döredijilere, inçekesele, Kandida häsiýete eýedir. 
Serişde metallaryň korroziýasyny (poslamasyny) emele getirmeýär; zyýansyzlandyrylýan üstleri zaýalamaýar; matalaryň reňkini soldurmaýar organiki hapalary özüne siňdirmeýär. 
Serişde şu aşakdakylar üçin niýetlenilýär: 
 
- bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň jaýlarynda, şol sanda akuşerçilik-ginekologiýa ugurly, stomatologiýa, hirurgiýa, deri-wenerologiýa, neonatologiýa, pediatriýa we beýleki ugurly  bejeriş-öňüni alyş edaralarynda gaty mebelleriň ýüzüni, enjamlaryň, gurallaryň üstüni, sanitar-tehniki enjamlary, içki geýimleri, ýorgan-düşek daşlaryny, gap-gaçlary (şol sanda barlaghana), näsaglara ideg edilýän esbaplaryň, arassaçlylyk materiallarynyň, oýunjaklaryň, aýakgabyň, rezin düşekçeleriň zyýansyzlandyrmasy, öňüni alyş we ojaklaýyn (gündelik we gutarnykly) zyýansyzlandyrma geçirilende, sanitar ulaglarynda zyýansyzlandyrmak üçin ulanylýar;
 
-  bejeriş-öňüni alyş edaralarynda bir gezek ulanylýan lukmançylyk  gurallary we  lukmançylyk  galyndylary  utilizaisýa edilmeginden  öňi zyýansyzlandyrmak üçin;
 
- zibil ýygnaýjy enjamlary, zibil daşaýjylary we zibil ýygnaýjylary zyýansyzlandyrmak, arassalamak, ýuwmak we dezodorirlemek üçin;
 
-lagym  ulgamyna birikdirilmedik awtonom hajathanalaryň saklandylaryny, şeýle hem awtonom hajathanalaryň we biohajathanalaryň kabinalarynyň ýüzlerini  zyýansyzlandyrmak üçin;
 
- serişde heňe garşy göreşde hem ulanylyp bilýär.