"Superbendezin"

Zyýansyzlandyryjy serişde (konsentrat) – bu dury, ýakymly ysly suwuklyk bolup durýar. Düzüminde 10% benzalkoniý hloridi, etanoly saklaýar.
Zyýansyzlandyryjy erginler

Önüm barada


Zyýansyzlandyryjy serişde (konsentrat) – bu dury, ýakymly ysly suwuklyk bolup durýar. Düzüminde 10% benzalkoniý hloridi, etanoly saklaýar.

Serişde göwrümi 1000 ml polietilen flakonlarda we 4000 ml polietilen kanistrlerde goýberilýär.

Serişde bakteriýalar (şol sanda inçekesel mikobakteriýalaryny), wiruslar (test-wirus-poliomiýelit), Kandida, dermatofitler kömelekleri, heň kömelekleri babatda mikroblara garşy täsirine eýelik edýär.

Serişde bejeriş-öňüni alyş edaralarynda, jemagat hojalygy obýektlerinde (myhmanhanalar, umumy ýaşaýyş jaýllar, howdanlar, hammamlar we baş.), jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda, çagalar edaralarynda jaýlaryň içindäki üst ýüzlerini, sanitar-tehniki enjamlaryny, näsaglara ideg edilýän esbaplary, ýorgan-düşek daşlyklaryny, geýimleri, gap-gaçlary zyýansyzlandyrmak üçin niýetlenilýär.