“Tenekär” derman kärhanasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-günüň saglygyny goramaga gönükdirilen syýasatynyň hem-de ýadawsyz tagallasynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda ýurdymyzyň ilatynyň saglygyny goramak ugrunda işleýän edaralaryň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, ösdürmek bellenildi.

Aşgabat şäheri, Arçabil etraby, 2072 (Bekrewe) köçesi, jaý 52

Kärhana barada

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-günüň saglygyny goramaga gönükdirilen syýasatynyň hem-de ýadawsyz tagallasynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda ýurdymyzyň ilatynyň saglygyny goramak ugrunda işleýän edaralaryň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, ösdürmek bellenildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylan her bir tutumly işiň gözbaşynda Hormatly Prezidentimiz Berdimuhamedowyň durandygy, onuň halk arasynda önüp-ösüp, okap işläp, saýlap alan ugruna juda beletligi we kämilligi, yhlaslylygy, tutanýerliligi il-gününi begendirýär. Ýurduň içerki abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi hem bagtyýarlygy ata Watanymyzyň halkara abyraýynyň barha ýokarlanmagyna getirýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzda adam saglygy baş aladalarynyň birine öwrüldi. Ilatyň durmuş üpjünçiliginiň derejesiniň ýokarlanmagy, halkyň hal-ýagdaýynyň, şol sanda ýaşaýyş jaý, aýlyk-günlik, pensiýalar, döwlet kömek pullary bilen üpjünçiligiň gowulaşmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi ilat saglygynyň görkezijileriniň has-da ýokarlanmagyna özüniň oňňyn täsirini ýetirýär.

Kärhananyň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 19-njy iýulyndaky “Aşgabat şäherinde Infuzion erginlerini öndürýän derman kärhanasyny gurmak hakyndaky” 11754 belgili Kararyna laýyklykda amala aşyryldy.

Kärhana Germaniýanyň, Angliýanyň, Şwesiýanyň, Finlýandiýanyň, Awstriýanyň, Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň dünýä belli kompaniýalaryň öndüren önümçilik we kömekçi tehnologikin enjamlary, hil we mukdar barlag enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Enjamlar kompýuter arkaly arabaglanyşykly işleýär. Iş standartlary Ýewropa standartlaryna we JMP talaplaryna doly laýyk gelýär.

Kärhana 3 sany esasy bölümden ybarat: Önümçilik bölümi, Tehniki bölüm we Hil barlag bölümi.

Kärhananyň önümçilik kuwwatlylygy 1 ýylda 10 million flakon taýyn derman ergini.

Jemi 4 görnüşi taýýyn derman erginleri öndüriler:

1. Natriý hloridiniň 0.9%-li ergini;

2. Ringeriň ergini;

3. Glýukozanyň 5%-li ergini;

4. Glýukozanyň 10%-li ergini;

Bir ýylyň dowamynda öndüriljek derman erginleriniň möçberleri:

1. Natriý hloridiniň ergini, 0,9%, 500ml – 1000 000 flakon:

2. Glýukozanyň ergini, 5%, 500 ml – 1 000 000 flakon;

3. Ringeriň ergini, 500 ml – 500 00 flakon;

4. Glýukozanyň ergini, 10%, 500 ml – 500 000 flakon;

5. Natriý hlorodiniň ergini, 0,9%, 250 ml – 2 500 000 flakon;

6. Glýukozanyň ergini, 5%, 250 ml – 2 500 000 flakon;

7. Ringeriň ergini, 250 ml – 1 000 000 flakon;

8. Glýukozanyň ergini, 10%, 500 ml – 1 000 000 flakon

Hil barlag bölüminiň alalitiki barlagnamasy

Bu bölümde Germaniýanyň “KRUSS OPTRONIK” kompaniýasynyň Polýarimetr enjamy, ABŞ-nyň “GENERAL ELEKTRIK SIEWERS” kompaniýasynyň Teo usul enjamy, Ýaponiýanyň HITACHI kompanoýasynyň Hromotograf enjamy, ABŞ-nyň “SHERWOOD” kompaniýasynyň Ýalyn fotometr enjamy, ABŞ- nyň “GENESYS” kompaniýasynyň Spektrofotometr enjamy, Germaniýanyň “Plumat” kompaniýasynyň Polipropilen flakonlaryň gapaklarynyň berkligini barlaýan enjamy otyrdylan.

Bölümde kärhanada öndürilýän derman ergiblerini taýýarlamak üçin ulanylýan suwuň himiki düzüminiň, taýýarlanan derman erginiň hiliniň we mukdarynyň barlaglary Ýewropanyň Farmakopiýa talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Hil barlag bölüminiň mikrobilologiki barlagnamasy

Bu bölüminde ABŞ-nyň “ADVANCED” kompaniýasynyň Kriokop enjamy, “VWR” Inkubator enjamy, Germaniýa, Ýaponiýanyň “NIKON” kompaniýasynyň Ýokary hilli mikroskop enjamy otyrydylan.

Bu enjamlaryň kömegi bilen kärhananyň bölümlerinde arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik amala aşyrylýar we öndürilen infuzion erginleriň pirogenligi we sterilligi barlanýar.

Önümçilik bölümi

Önümçilik bölümi 6 sany bölümçeden düzülip, olar öz aralarynda kompýuter arkaly arabaglanyşykly işleýärler.

Suw taýýarlaýjy bölümde

Önümçilikde ulanylýan suw Germaniýanyň “BWT” kompaniýasy tarapyndan öndürilen Osmos enjamy arkaly arassalanýar. Osmos enjamynda arassalanan suwdan Finlýandiýanyň “STERIS” kompaniýasy tarapyndan öndürülen 5 basgançakly distilýatorda ergin taýýarlamaga niýetlenen sanjym üçin suw öndürilýär.

Taýýarlanan sanjym üçin suw kärhananyň hil barlag bölüminde Ýewropa farmakopiýa standartlaryna laýyklykda barlaglardan geçirilýär we barlaglaryň netijesi talaba laýyk bolan ýagdaýynda ergib taýýarlamaga rugsat berilýär.

Ergin taýýarlanylýan bölümde

Derman erginlerini taýýarlamak aseptiki şertlerde awtomatiki ýagdaýda Finlýandiýanyň “Tankki” kompaniýasynyň hersiniň göwrümi 5 000 litr bolan derman erinlerini taýýarlamak üçin ýöriteleşdirilen gapalarynyň 2 sanysynda ýerine ýetirilýär. Bölümçede Germaniýanyň “CARL STAHL” kompaniýasynyň çig mal haltalaryny wakkum arkaly göteriji enjamy, Germaniýanyň “Sartorius” kompaniýasynyň 500 kg, 50 kg we 5 kg çenli agramly çig mallary çekmäge niýetlenen 3 sany terezisi işleýär.

Taýyn bolan derman ergini hil we mukdar taýdan barlanýar.

Polipropilen gutularyny taýýarlaýjy bölümçe

Bölümçede Awstriýanyň “Engel” kompaniýasy tarapyndan öndürilen ýokary hilli enjam oturdylan. Bu enjam doly awtomatiki ýagdaýda işleýär we polipropilen çig malyndan 250 ml ýa-da 500 ml göwrümli flakonlary taýýarlamak üçin niýetlenen gutylary guýýar. Enjam 1 sagatda 2500 sany guty guýmaga ukyply.

Polipropilen gutularyny süýündirme, şekil berme, guýma we gapaklary berkitmek ulgamy

Bu ulgam Germaniýanyň “Plumat” kompaniýasy tarapyndan öndürilip, doly awtomatiki ýagdaýda, ergin taýarlaýjy bölüm bilen kompýuter arkaly utgaşykly işleýär.

Taýýarlanan gutular ulgamda galogen gyzdyryjylar arkaly sündürilýär we olara ýörite şekil beriji galypda şekil berilýär, ýagny flakon ýasalýar, soňra olar derman erginleri bilen doldurylýar hem-de gapaklary berkidilýar.

Bu enjamyň önümçilik kuwwatlylygy: 1 sagatda 2 000 sany 500 ml ýa-da 2 250 sany 250 ml göwrümli flakonlara derman erginlerini gaplaýar.

Zyýansyzlandyryjy bölümde

Bu bölümçede Şwesiýanyň “Getinge” kompaniýasy tarapyndan öndürilen zyýansyzlandyryjy enjam ýerleşdirilen. Enjam doly awtomatiki ýagdaýda işläp, 1 tapgyrda 4 000 sany 500 ml ýa-da 5000 sany 250 ml göwrümli derman erginlerini zyýansyzlandyrýar.

Zyýansyzlandyrma 115oC gyzgynlykda 30 minudyň dowamynda amala aşyrylýar.

Zyýansyzlandyrmanyň amala aşyrylyşy barada doly maglumat ýörite ýazyjy guralyň kömegi bilen kagyz ýüzünde çykarylýar. Maglumat derman ergininiň tapgyrlaýyn doldyrylýan resminamalaryna çatylýar.

Gözegçilik we ýarlyk ýelmeýän bölümçe

Bölümçede zyýansyzlandyrylan taýyn bolan derman erginleriniň hiline, göwrümine we göze görünýän garyndylaryň ýoklygyna barlaglar geçirilýär, soňra olara Angliýanyň “Newman” kompaniýasy tarapyndan öndürilen enjamda awtomatiki ýagdaýda ýarlyklar. Ýarlyklarda ýazyjy guralyň kömegi bilen derman ergininiň tapgyry, öndürilen senesi we ulanyş möhleti belleniýär.

Taýyn derman erginleri konweýeriň kömegi bilen gaplaýjy hünärmenlere geçirilýär we bellenen tertipde karton gaplara gaplanýar. Taýyn bolan önüm Ýaponiýanyň “Mitsubishi” kompaniýasy tarapyndan öndürilen çarşakly ýük göteriji ulgamynyň kömegi bilen karantin ammaryna ugradylýar. Bu ammarda taýyn önüme 14 günüň dowamynda mikrobiologiki barlaglar geçirilýär we barlaglaryň netijesi talaba laýyk bolan ýagdaýynda derman erginleri taýyn bolan ýagdaýynda derman erginleri taýyn önüm saklanylýan ammara geçirilýär we satuwa çykarmaga rugsat berilýär.