Zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhana

Bu önümleriň arasynda zyýansyzlandyrylan we zyýansyzlandyrylmadyk sargy hasalary dürli ölçeglerde, gipsli sargy has alary, goşarlyklar, tirseklikler, dyzlyklar, guşaklar, ýelimli plastyrlar, sanjym plastyry, maýyşgak sargy serişdeleri, birgezek ulanylýan desmallar bardyr.

Türkmenistan, Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Bitaraplyk şaýoly 126 jaýy.

Kärhana barada

Bu önümleriň arasynda zyýansyzlandyrylan we zyýansyzlandyrylmadyk sargy hasalary dürli ölçeglerde, gipsli sargy has alary, goşarlyklar, tirseklikler, dyzlyklar, guşaklar, ýelimli plastyrlar, sanjym plastyry, maýyşgak sargy serişdeleri, birgezek ulanylýan desmallar bardyr. Kärhananyň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 14-nji sentýabryndaky “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagat ministrliginiň” derman senagaty kärhanalaryny gurmak hakynda 12548 belgili Kararyna laýyklykda amala aşyryldy.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bejeriş we sagaldyş edaralarynda dürli görnüşli sargy serişdelerine we beýleki lukmançylyk hajatly kömekçi önümlere bolan islegiň ýyl-ýyldan artýandygyny göz öňünde tutup, bu kärhanany gurmak üçin Türkiýanyň “Efor Inşaat Ýatirim Sanaýi ve Diş Tiçaret A.Ş” kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy. Kärhanada 100-den gowurak onümçilik enjamlary oturdylyp, olar bu ugurda işleýän dünýä belli Germaniýanyň, Italiýanyň, ABŞ-nyň, Şwesariýanyň, Ýaponiýanyň, Fransiýa nyň, Türkiýäniň kompaniýalary tarapyndan öndürilendir.

Sweýsariýanyň “Mýuller” kompaniýasynyň öndüren bu enjamy ýeňil we orta agyrlykdaky maýyşgak we maýyşgak däl dürli inli sargylaryň bir ýylda 3.0 mln. sanysyny öndürmäge ukuply. Bu sargy serişdeleri şikesleriň we agyrlaryň dürli gornüşlerinde, turgenleriň profisional iş tejribesinde giňden ulanylýar. Fransiýanyň “Maboteks” kompaniýasynyň öndüren bu enjamynda pamykdan taýýarlanan hasa dürli ölçeglerde 8 gat eplenýär. Soňra bu önüm zyýansazlandyrylyp, 25 sanydan karton gaplara gaplanýar we hirurgiýada ulanylýar. Enjamyň önümçilik kuwwaty 1 ýylda 1.0 mln. sany taýýar önüm.

Germaniýanyň “Krantz KTM Machinery” kompaniýasynyň öndüren bu enjamynda önümçilik üçin taýýarlanan ýüplikler agardylýar. Enjam 1 ýylda 3.0 mln. sany sargy serişdesini agartmaga ukyply. Italiýanyň “Stalam” kompaniýasynyň öndüren bu enjamynda agardylan we babinalara saralan önümçilik ýüpliklerini radioýygylyk usuly bilen guratmaga niýetlenen dir. Enjam ýüplikleri babinadan aýyrman guratmaga mümkinçilik berýändigi bilen tapawutlanýar. Enjam 1 ýylda 3.0 mln. sany sargy serişdesini guratmaga ukyply. Germaniýanyň “Garri lukas” kompaniýasynyň öndüren bu enjamy üznüksiz silindrik we ýapgyt, konus turba şekilli mata dyza geýilýänleri we bilege geýilýänleri öndürmek üçin niýetlenendir. Enjam 1 ýylda 30 000 sany dyzlyk, 20 000 sany goşarlyk öndürmäge ukyplydyr. Türkiýäniň “Kerem otomasion” kompaniýasynyň öndüren bu enjamy 1 ýylda ýelimli plastyrlaryň 700 000 sanysyny we sanjym plastyrlarynyň 600 000 sanysyny öndürmäge niýetlenendir.

Hil barlagy bölümi

Bölümde barlaghana bildirilýän häzirki zaman talaplaryna gabat gelýän enjamlaryň dürli görnüşleri oturdylyp, kärhananyň önümçiliginde ulanylýan ähli çig mallaryň, taýýarlanan önümleriň hiline we mukdarynadoly derejede barlaglar geçirilýär