“Saglyk” derman kärhanasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň aýdyşy ýaly, “Türkmen topragy we tebigaty kuwwatyň, berk saglygyň we uzak ömrüň çeşmesi bolup durýar, çünki onda hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak ýüzlerçe dermanlyk ösümlikleri ösýär!” Galyberse-de, medisina diýmekligiň “tebigata ýakyn durmak” diýmekligini, Lukman hekimiň “keseliň emi ene topragyňdadyr” diýenlerini ýatdan çykarmaly däldiris.

Aşgabat şäheri, Berkaraklyk etraby, 2105 (Hoja Ahmet Ýasawy) köçesi, jaý 40

Kärhana barada

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň aýdyşy ýaly, “Türkmen topragy we tebigaty kuwwatyň, berk saglygyň we uzak ömrüň çeşmesi bolup durýar, çünki onda hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak ýüzlerçe dermanlyk ösümlikleri ösýär!” Galyberse-de, medisina diýmekligiň “tebigata ýakyn durmak” diýmekligini, Lukman hekimiň “keseliň emi ene topragyňdadyr” diýenlerini ýatdan çykarmaly däldiris.

Dermanlyk otlary peýdalanyp, halkymyzyň saglygyny goramak üçin ýaramly derman serişdelerini taýýarlamak Hormatly Prezidentimiziň biziň öňümizde goýan esasy meseleleriň biridir. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” birleşiginiň “Saglyk” derman kärhanasynyň dermanlyk çaýlary öndürýän bölümçesiniň işi Hormatly Prezidentimiziň ensiklopedik işi bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyna esaslanyp gurnalýar. Bölümde ýurdumyzda ösüp ýetişýän ähli dermanlyk ösümlikleri gaýtadan işlemäge mümkinçilik bolup, olardan 2 görnüşli çaýlar – turbajyk görnüşli we haltajyklardaky çaýlar, dermanlyk toplumlar, gaýnaglar we demlemeler taýýarlanylýar.