Kärhana barada
S.A.Niýazow adyndaky “Buýan” oba senagat toplumy; buýan köküni öndürüji, eksport ediji we buýan kökünden önüm çykaryjy Türkmenistandaky ýeke täk kärhanasydyr. Bu toplumyň taryhy 100 ýyldan hem geçýär. XX-nji asyryň başynda 1906-njy ýylda presleýän zawody, iňlis-amerikan firmasy “Mak-Andryus we Ko” häzirki Türkmenabat şäheriniň ýerleşýän ýerinde goýdy, we şol günden bäri Amy Derýanyň kenaryndan Buýan kökiniň toplanmagy we buýan köküniň senagat öndürüjiligi başlandy.
1967-nji ýylda buýan kökünüň goýy ekstraktyny çykarýan zawod guruldy we 2008-nji ýylda kompleksiň düzümüne buýan kökünüň gury ekstrakt öndürüji zawody hem ulanyş üçin girizildi.
Agrosenagat kompleksiniň işleýiş görünüşleri:
buýan köküni we derman ösümlüklerini ösdürüp ýetişdiriliş, ýerinde degişli agrotehniki çäreleriniň döredililiş, çig malyň toplanyşy we taýýarlanylyşy, gaýtadan işledilýan önümçiligine çenli daşanyşy;
buýan köküni gaýtadan işlediliş we önümi öndüriş;
öndürilen önümi durmuşa geçiriş.