Kärhana barada
Häzirki wagtda ýurduň çäginde 20-den gowrak bejeriji ähmiýetli çeşmeler bellidir. Şolaryň örän wajyplarynyň biri-de ýurdumyzyň ak mermerli paýtagtynyň 7,5 kilometr günortasynda, Merkezi Köpetdagy etekläp oturan Berzeňňidäki çeşmedir. Bu çeşmäniň 1 250 metr çuňlukdan özi akyp çykýan №1 guýusynyň düzüminde köpsanly peýdaly minerallary saklaýan suwy bardyr. Onuň umumy minerallaşmasy M-3,2 g/dm3, gyzgynlyk derejesi 36oС, pH=7,2. Guýunyň suw çykaryjylygy 1 sekuntda 5 1itre barabardyr. “Berzeňňi” mineral suwunyň düzümi şulardan ybarat: azot – umumy gazyň 92%, kükürtli wodorod gazy – 3,3-3,9 mg/dm3, sulfatlar, kalsiý, magniý – degişlilikde 83, 57, 28 ekw.%, az mukdarda mikrogoşundylar – ýod 0,2 mg/dm3, brom 1,1 mg/dm3, sink 10-15 mg/dm3, marganes 0,005 mg/dm3. Gidrogeohimiki nukdaý nazardan bu mineral suw bejeriji-naharhana suwlar toparyna degişlidir.
“Berzeňňi” mineral suwuny şu kesellerde ulanmak maslahat berilýär:
I. Iýmit siňdiriş agzalaryň keselleri:
1. Dowamly gastritiň beterleşmedik döwründe;
2. Reflýuksezofagit motor we ewakuasiýa funksiýlarynyň bozulmagynda;
3. Aşgazan we onkibarmak içegäniň baş keseliniň gaýtgynynda;
4. Ýokanç däl gelip çykyşly dowamly kolitlerde we enterokolitlerde;
5. Içegäniň disfunksiýasynyň beterleşmedik ýagdaýynda;
II. Endokrin keselleri:
1. Süýjili diabet;
III. urologiýa keselleri:
1. Dowamly böwrek ýetmezçiligi we azotemiýanyň ýeňil derejeleri;
2. Dowamly piýelonefritiň gaýtgyn döwründe.
“Berzeňňi” mineral suwuna çalymdaş suwlar: “Krainka” mineral suwy (Russiýanyň Tula oblastynda), Moskwanyň etegindäki minaral suwlar, “Dorohowo” şypahanasynyň mineral suwy (Russiýanyň Moskwa oblasty), “Gersin” şypahanasynyň mineral suwy (Russiýanyň Gorkiý oblasty).
Ýokarda aýdylanlardan ugur alyp, Aşgabat şäherinde, Berzeňňide Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” birleşiginiň “Berzeňňi” mineral suw kärhanasyny gurmak meýilleşdirildi we onuň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 14-nji sentýabryndaky “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň” derman senagaty kärhanalaryny gurmak hakynda 12548 belgili Kararyna laýyklykda amala aşyryldy. Gurluşyk işlerini Türkiýeniň “DAY INSAAT TURIZM TEKSTIL VE DIS TICARET A.S.” kompaniýasy ýerine ýetirdi.
Kärhana 1 ýylda 5,0 mln. çüýşe ýa-da 1 sagatda 3 500 çüýşemineral suwy 250 ml we 500 ml göwrümlerde, gazlandyrylan hem-de gazlandyrylmadyk görnüşlerde öndürmäge ukyplydyr.Kärhana Italiýanyň “Korfil” kompaniýalarynyň öndüren önümçilik we kömekçi tehnologiki enjamlary, hil we mukdar barlag enjamalary bilen enjamlaşdyryldy.
Kärhanada önümçilik işleri häzirki döwüriň ösen talaplaryna laýyk alnyp barylýar.Kärhana Suw taýýarlaýjy, Önümçilik, Hil barlagy we mikrobiologiýa bölümlerinden durýar