3D çap etmegiň täze tehnologiýasy derman gerdeklerini ýedi sekuntda taýýarlamaga mümkinçilik berdi. Bu lukmançylyk derman serişdelerini gyssagly wagtda ýerinde öndürmäge mümkinçilik berer diýip, “Additive Manufacturing” neşirine esaslanyp, MIR24 ýazýar.
Synag Londonyň Uniwersitet kollejinde geçirildi. Synag üçin parasetamol dermany saýlandy. Täze tehnologiýa ony köp gatlakly usulda däl-de, tutuşlygyna çap etmäge mümkinçilik berdi.
Şeýlelikde parasetamolyň gerdekleriniň bu usulda taýýarlanmagy üçin birnäçe minudyň ýerine 7-den 17 sekunda çenli wagt ýeterlik boldy.
Alymlar derman serişdeleriniň 3D usulda öndürilmeginiň lukmançylygyň geljegi uly ugurlarynyň biridigini belleýärler.
Teswir ýazmak
Üns beriň: HTML gabat gelenok!