Zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhana

Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda ýyllyk kuwaty 200 000 litr ergin bolan zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhanasynyň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 14-nji sentýabryndaky “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagat ministrliginiň” derman senagaty kärhanalaryny gurmak hakynda 12548 belgili Kararyna laýyklykda amala aşyryldy.
Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Abadan etraby, Zähmet köçesi, jaý 114

Önümleri

Ählisi
Kärhana barada

Aşgabat şäheriniň Abadan  etrabynda ýyllyk kuwaty 200 000 litr ergin bolan zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhanasynyň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 14-nji sentýabryndaky “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagat ministrliginiň” derman senagaty kärhanalaryny gurmak hakynda 12548 belgili Kararyna laýyklykda amala aşyryldy.

Kärhana Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Italiýanyň,ABŞ-nyň, Türkiýäniň dünýä belli kompaniýalarynyň öndüren önümçilik we kömekçi tehnologiki enjamlary, hil we mukdar barlag enjamalary bilen enjamlaşdyryldy. Kärhanada önümçilik işleri Ýewropa standartlaryna we GMP talaplaryna laýyk alnyp barylýar.

Kärhana 1 ýylda umumy  göwrümi 200 000 litr bolan 26 görnüşli zyýansyzlandyryjy  erginleri öndürmäge we olary dürli göwrimde gaplamaga ukyplydyr. Kärhana 2 sany esasy bölümden durýar: Önümçilik bölümi we Hil barlagy we mikrobiologiki bölümi.

Önümçilik bölümi

Bölümiň işi hemme taraplaýyn ýokary derejede gurnalyp, Ýewropada kabul edilen talaplara laýyklykda meýilleşdirilendir. Bölüm 4 sany bölümçeden düzülip,olar öz aralarynda kompýuter arkaly arabaglan-şykly işleýärler. 

Suw taýýarlajy bölümçe

Bölümçede Italiýa döwletiniň Aqualine 1 “Housing” kompaniýasynyň osmos enjamy ornaşdyrylandyr. Enjam 1 sagatda 500 litr arassalanan suw öndürmäge ukyplydyr. Önümçilikde ulanylýan suw Ýewropa talaplaryna laýyk gelýär. Arassalananan suw aseptiki şertlerde awtomatiki usulda 3 000 litr göwrümli gaba guýulýar. 

Zyýansyzlandyryjy erginleri taýýarlaýan bölümçe

Zyýansyzlandyryjy erginler aseptiki şertlerde awtomatiki ýagdaýda göwrümi 1 000 litr bolan ýöriteleşdirilen gaplaryň 3 sanysynda taýýarlanýar. Taýyn bolan zyýansyzlandyryjy ergin hil we mukdar taýdan barlaghanada barlanylýar. Barlagyň netijesi kanagatlanarly bolan ýagdaýyndaönüm göwrümleri 1000 litr bolan 3 sany ýöriteleşdirilen gaplara awtomatik usulda geçirilýär we flakonlara guýmaga taýýar bolýar. 

Ergin guýulýan bölümçe

Bölümçe 3 sany guýujy ulgamdan ybarat: 1-nji ulgamdaky Italýanyň tehnologiýasy boýunça taýýarlanylan Elektromag (1) enjamy zyýansyzlandyryjy ergini  500 ml we 1000 mlgöwrümlerde tegelek gaplara we 4000 ml göwrümde dörtburç gaplara guýmaga ukyplydyr. Ulgam 6 sany bölek enjamdan durýar: gaplary tertipleýän,howa bilen arassalaýan, zyýansazlandyryjy erginleri guýýan, gapaklary ýapýan, ýarlyk ýelmeýän hem-de bellik goýýan enjamlar.

Bu ulgamyň önümçilik kuwwatlylygy 1sagatda:

– 500 ml göwrümli gutulardan480 sany;

– 1 000 ml göwrümli gutulardan360 sany;

– 4 000 ml göwrümli gutulardan240 sany.

2-nji ulgamdaky Italýanyň tehnologiýasy boýunça taýýarlanylan Elektromag (2) enjamy zyýansyzlandyryjy ergini 100 ml we 250 ml göwrümlerde tegelek gaplara guýmaga ukyplydyr.Ulgam 6 sany bölek enjamdan durýar: gaplary tertipleýän, howa bilen arassalaýan, zyýansazlandyryjy erginleri guýýan, gapaklary ýapýan, ýarlyk ýelmeýän hem-de bellik  goýýan enjamlar.

Bu liniýanyň önümçilik kuwwatlylygy 1sagatda:

– 100 ml göwrümli gutulardan960 sany;

– 250 ml göwrümli gutulardan960 sany.

3-nji ulgamda Italiýanyň tehnologiýasy boýunça taýýarlanylan Kansan kompaniýasynyň 26-36 sm ölçegde çygly desmal öndürýän enjamy ornaşdyrylandyr. Ulgam 3 sany bölek enjamdan durýar: desmal taýýarlaýan, ýöriteleşdirilen erginleri guýýan hem-de gaplaýjy enjamlar.Ulgamyň önümçilik kuwwatlylygy 1sagatda6 000 gap. 4-nji ulgamda Italiýanyň tehnologiýasy boýunça Uslupak kompaniýasy tarapyndan öndürilen çygly desmal öndürýän enjam oturdylandyr.Ulgamyň önümçilik kuwwatlylygy  1 sagatda 4 000 gap. 

Gaplaýjy bölümçe

Bölümçede taýyn erginiň göwrümine we desmallaryň hiline hünärmenler tarapyndan gözegçilikgeçirilýär, karton gaplara gaplanylýar we karantin ammaryna ugradylýar. Taýyn önüm karantin ammarda hil, mukdar we mikrobiologiki barlaglar geçip, talaba laýyk netije alynýança saklanýar we soňra taýyn önümiň ammaryna ugradylýar.Ammarlar ýöriteleşdirilen tekçeler bilen üpjün edilen we taýyn önümler aýratynlykda tertipleşdirilip saklanýar.

Taýyn önümler saglygy goraýyş edaralaryna, dermanhanalara we beýleki zerur bolan edaralara goýberilýär. Zyýansyzlandyryjy erginleri we desmallary öndürmek üçin zerur bolan çig mallar we gaplamalar Germaniýanyň hemde Türkiýäniň dünýä belli kompaniýalaryndan getirildi.

Hil barlagy we mikrobiologiki bölümi

Bu bölümde Germaniýanyň  WTW kompaniýasynyň pH metr we suwuň tok geçirijiligini ölçeýänenjamlary, Ýaponiýanyň Shimadzu kompaniýasynyň Hromatografy we Spektrophotometri, ABŞ-nyň Dijital kompaniýasynyň Refraktometr we Densitymetr enjamlary, Italiýanyň Fungilab kompani -ýasynyň Wizkozimetr enjamy ornaşdyrylan. Bölümde kärhanada öndürilýän zyýansyzlandyryjy erginleri taýýarlamak üçin ulanylýan suwuň himiki düzümine, taýýarlanan zyýansyzlandyryjy ergininiň hiline we mukdaryna Ýewropanyň Farmakopeýasynyň talaplaryna laýyklykda barlaglar geçirilýär