Ýod önümçiligi kärhanasy

Kärhananyň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 14-nji sentýabryndaky “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň” derman senagaty kärhanalaryny gurmak hakynda 12548 belgili Kararyna laýyklykda amala aşyryldy.
Türkmenistan, Balkan weleýaty, Bereket şäherçesi, Suwçylar köçesi 7-nji jaý

Önümleri

Ählisi
Kärhana barada

Kärhananyň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 14-nji sentýabryndaky “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň” derman senagaty kärhanalaryny gurmak hakynda 12548 belgili Kararyna laýyklykda amala aşyryldy.

Güneşli Türkmenistanymyz tebigy baýlyklara örän baýdyr. Olaryň arasynda agyr we ýeňil senagatda çig mal hökmünde giňden ulanylýanlary, saglyk hajatlary üçin ulanylýalary we başgalar kändir. Balkan welaýatynyň çäginde dünýäde uly isleg bildirilýän ýod we ýod önümleriniň ummasyz känleri bardyr. Ýod senagatyň dürli pudaklarynda giňden ulanylýar. Şol ugurlaryň biri-de onuň saglyk ähmiýetli täsirleri ýüze çykarmagydyr. Ýurdumyzyň derman senagatynda ýoduň 5%-li spirtli ergini uzak ýyllaryň dowamynda öndürilýär we giňden ulanylýar. Soňky ýyllarda ýoduň saglyk hajatly önümleriniň başga görnüşleri-de alyndy. Mysal üçin poliwinilpirrolidona oturdylan ýod ösen daşary ýurtlarda dürli görnüşlerde öndürilýär we saglygy goraýyşda antiseptiki serişde hökmünde ulanylýar. Şundan ugur alyp, halkymyzyň we bejeriş edaralarymyzyň ýod önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen bu kärhana işe girizilýär.

Önümçilik kuwwaty ýylda:

Kärhana 5 sany esasy bölümden durýar:Suw taýýarlaýjy bölüm, Ýodly galamlary öndürýän bölüm, Diş tamponlary öndürýän bölüm we Hil barlag bölümi. 

Suw taýýarlajy bölüm

Bölümçede Italiýa döwletiniň Aqualine 1 “Housing” kom paniýasynyň osmos enjamy ornaşdyrylandyr. Enjam 1 sagatda 500 litr arassalanan suw öndürmäge ukyplydyr. Önümçilikde ulanylýan suw Ýewropa talaplaryna laýyk gelýär. Arassalananan suw aseptiki şertlerde awtomatiki usulda 3 000 litr göwrümli gaba guýulýar. Ýodly taýajyklary öndürýän bölüm Bölümde 2 000 litr göwrümli reaktorda 500 litr arassalanan suw, 18 kg limon turşusynyň monogidraty, 27,2 kg ikinatrili gidrogen fosfat garylýar, üstüne 200 kg powidonýod goşulýar we ereýänçe garylýar. Durnukly ergin emele gelenden soň erginiň göwrümi suw bilen 2 000 litre ýetirilýär. Soňra taýýar bolan önüm süzgü jiň üstünden ýöriteleşdirilen 2 000 litr göwrümli gaba geçirilýär. Hil barlagy bölüminde taýýar önümiň pH görkezijisi barlanýar.Bu görkeziji 4,5-5,5 deň bolan ýagdaýynda önüm gaplama ulgamyna ugradylýar we ýodlytaýajyklar öndürilýär. Taýýar bolan önüm alýuminfolga gaplanyp, 10 sanydan bölünýär we olar 50 sanydan karton gaba gaplanýar. Taýýar önüm ammara ugradylýar we satuwa rugsat berilýär. Bölümde ulanylýan polipropilen taýajyklary türkmen polipropileninden ýöriteleşdirilen enjamda taýýarlanylýar. Enjamyň önümçilik kuwwaty 1 ýylda 250 mln. taýajyk. Taýajyklaryň ujuna saralýan pamyk kärhanada türkmen pagtasyndan taýýarlanýar.

Bu bölümiň önümçilik enjamlary Germaniýanyň Arburg kompaniýasy tarapyndan öndürildi.Enjamyň önümçilik kuwwaty 1 sagatda 53 000 taýajyk.

Ýodly galamlary öndürýän bölüm

Bölümde 2 000 litr göwrümli reaktorda 500 litr arassalanan suw bilen 970 litr 96%-li etilspirti, 55,44 kg ýodly natriý, 19100 kg türkmen ýody garylýar we durnukly ergin alynýança garyşdyrylýar. Soňra erginiň göwrümi suw bilen 2 000 litre ýetirilýär. Soňra taýýar bolan önüm süzgüjiň üstünden ýöriteleşdirilen 2 000 litr göwrümli gaba geçirilýär.

Hil barlagy bölüminde taýýar önümiň düzüminde ýodyň derejesi barlanýar. Bu görkeziji 5% deň bolan ýagdaýynda önüm gaplama ulgamyna ugradylýar we ýodly galamlar öndürilýär. Taýýar önüme – ýod galamlaryna ýarlyk ýelmenýär, karton gaba gaplanýar we ammara ugradylýar. Bölümde ulanylýan polipropilen galamlary türkmen polipropileninden ýöriteleşdirilen enjamda taýýarlanylýar. Enjamyň önümçilik kuwwaty 1 ýylda 50 mln. taýajyk. Bu bölümiň önümçilik enjamlary Germaniýanyň Arburg kompaniýasy tarapyndan öndürildi. Enjamyň önümçilik kuwwaty 1 sagatda 10 500 sany galam.

Diş tamponlaryny öndüriji bölüm.

Türkmen pagtasy ýöriteleşdirilen enjamda arassalanýar, daralýar, soňra tampon ýasalýan enjama geçirilýär. Bu enjamda pamykdan tampon ýasalýar we 50 sanydan neýlon bilen baglanýar. Neýlon bilen baglanan uzyn tamponlar 4 sm uzynlykda kesilýär. Taýýar önüm karton gaplara gaplanyp, ammara ugradylýar. Enjamyň önümçilik kuwwaty 1 sagatda 45 000 sany tampon.

Hil barlagy bölümi

Bölümde pH-metr, suwuň düzümini barlaýjy, Refraktometr, Densitymetr, Wizkozimetr we beýleki gerekli enjamlar ornaşdyrylan. Bölümde kärhananyň önümçiliginde ulanylýan suwuň himiki düzümine, taýýarlanan önümleriň hiline we mukdaryna häzirki zaman talaplaryna laýyklykda barlaglar geçirilýär.