Kärhanalar

Garaşsyz we Baky Bitarap döwletimizde ynsan saglygy baradaky alada döwlet derejesinde ykrar edilip, hemişe üns merkezinde saklanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Çuňňur Hormatlanýan Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip düzülen we amala aşyrylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasy hem tutuşlygyna halkymyzyň saglygyny goramaga we ony berkitmäge gönükdirilendir.

Maksatnamada ýerli derman senagatyny ösdürmek, bu işde ýerli çig mallardan peýdalanmak, ýurdumyzyň ilatyny we bejeriş edaralaryny ýerli senagatymyzyň öndürýän ekologiýa taýdan arassa we bäsleşige ukyply derman serişdeleri bilen ýeterlikli üpjün etmek meselesine uly orun berilýär.