“Berzeňňi” mineral bejeriş suwy kärhanasy

Häzirki wagtda ýurduň çäginde 20-den gowrak bejeriji ähmiýetli çeşmeler bellidir. Şolaryň örän wajyplarynyň biri-de ýurdumyzyň ak mermerli paýtagtynyň 7,5 kilometr günortasynda, Merkezi Köpetdagy etekläp oturan Berzeňňidäki çeşmedir.
Aşgabat şäheri, Berzeňňi köçesi, jaý 3

Önümleri

Ählisi
Kärhana barada

Häzirki wagtda ýurduň çäginde 20-den gowrak bejeriji ähmiýetli çeşmeler bellidir. Şolaryň örän wajyplarynyň biri-de ýurdumyzyň ak mermerli paýtagtynyň 7,5 kilometr günortasynda, Merkezi Köpetdagy etekläp oturan Berzeňňidäki çeşmedir. Bu çeşmäniň 1 250 metr çuňlukdan özi akyp çykýan №1 guýusynyň düzüminde köpsanly peýdaly minerallary saklaýan suwy bardyr. Onuň umumy minerallaşmasy M-3,2 g/dm3, gyzgynlyk derejesi 36oС, pH=7,2. Guýunyň suw çykaryjylygy 1 sekuntda 5 1itre barabardyr. “Berzeňňi” mineral suwunyň düzümi şulardan ybarat: azot – umumy gazyň 92%, kükürtli wodorod gazy – 3,3-3,9 mg/dm3, sulfatlar, kalsiý, magniý – degişlilikde 83, 57, 28 ekw.%, az mukdarda mikrogoşundylar – ýod 0,2 mg/dm3, brom 1,1 mg/dm3, sink 10-15 mg/dm3, marganes 0,005 mg/dm3. Gidrogeohimiki nukdaý nazardan bu mineral suw bejeriji-naharhana suwlar toparyna degişlidir. 

“Berzeňňi” mineral suwuny şu kesellerde ulanmak maslahat berilýär:

I. Iýmit siňdiriş agzalaryň keselleri:

  1. Dowamly gastritiň beterleşmedik döwründe;
  2. Reflýuks­ezofagit motor we ewakuasiýa funksiýlarynyň bozulmagynda;
  3. Aşgazan we onkibarmak içegäniň baş keseliniň gaýtgynynda;
  4. Ýokanç däl gelip çykyşly dowamly kolitlerde we enterokolitlerde;
  5. Içegäniň disfunksiýasynyň beterleşmedik ýagdaýynda;

II. Endokrin keselleri:

  1. Süýjili diabet;

III. urologiýa keselleri:

  1. Dowamly böwrek ýetmezçiligi we azotemiýanyň ýeňil derejeleri;
  2. Dowamly piýelonefritiň gaýtgyn döwründe.

“Berzeňňi” mineral suwuna çalymdaş suwlar: “Krainka” mineral suwy (Russiýanyň Tula oblastynda), Moskwanyň etegindäki minaral suwlar, “Dorohowo” şypahanasynyň mineral suwy (Russiýanyň Moskwa oblasty), “Gersin” şypahanasynyň mineral suwy (Russiýanyň Gorkiý oblasty).

Ýokarda aýdylanlardan ugur alyp, Aşgabat şäherinde, Berzeňňide Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” birleşiginiň “Berzeňňi” mineral suw kärhanasyny gurmak meýilleşdirildi we onuň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 14-nji sentýabryndaky “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň” derman senagaty kärhanalaryny gurmak hakynda 12548 belgili Kararyna laýyklykda amala aşyryldy. Gurluşyk işlerini Türkiýeniň “DAY INSAAT TURIZM TEKSTIL VE DIS TICARET A.S.” kompaniýasy ýerine ýetirdi.

Kärhana 1 ýylda 5,0 mln. çüýşe ýa-da 1 sagatda 3 500 çüýşemineral suwy 250 ml we 500 ml göwrümlerde, gazlandyrylan hem-de gazlandyrylmadyk görnüşlerde öndürmäge ukyplydyr.Kärhana Italiýanyň “Korfil” kompaniýalarynyň öndüren önümçilik we kömekçi tehnologiki enjamlary, hil we mukdar barlag enjamalary bilen enjamlaşdyryldy. 

Kärhanada önümçilik işleri häzirki döwüriň ösen talaplaryna laýyk alnyp barylýar.Kärhana Suw taýýarlaýjy, Önümçilik, Hil barlagy we mikrobiologiýa bölümlerinden durýar

Suw taýýarlajy bölüm 

Bölümde tebigy çeşmeden gelýän suw 10 tn göwrümli gaba ýygnalýar we şol gapdan süzgüjiň üstünden geçirilip, düzüminde bar bolan daş we beýleki gaty jisimlerden arassalanýar.

Soňra ýöriteleşdirilen enjamda suwuň düzüminden demir we marganes ionlary aýrylýar. Indiki tapgyrda suw aktiwleşdirilen kömüriň üstünden geçirilip, belli derejede ýumşadylýar we 5 tn göwrümli gaba ýygnalýar. Soňra suw 2 sany örän ownuk – yzygiderlikde 10 mikron we 5 mikron ölçegli – süzgüçleriň üstünden geçirilýär we ultrafiolet çyrasynyň täsirine tutulýar. Doly derejede arassalanan suw önümçilik bölümine geçirilýär. 

Önümçilik bölümi

Bölümiň işi hemme taraplaýyn ýokary derejede gurnalyp, Ýewropada kabul edilen talaplara laýyklykda meýilleşdirilendir. Bu ýerde arassalanan we 10oC çenli sowadylan suw uglerodyň ikili okisi ýa-da kömürturşy gazy (СО2) bilen 9 g/l derjede baýlaşdyrylýar. Bu iş Germaniýanyň “Waýskof” kompaniýasynyň öndüren enjamynda ýerine ýetirilýär. Şol bir wagtyň özünde suw guýuljak çüýşeler ýöriteleşdirilen ulgama tertiplenip goýulýar we monobloga ugradylýar. Monoblokda çüýşeler bir wagtda 16 sanydan ýuwulýar, guýmaga taýýar edilen suw bilen doldurylýar we gapaklanýar. 

Indiki tapgyrda olara ýöriteleşdirilen enjamda ýarlyklar ýelmenýär we degişli ýazgylar ýazylýar.Soňra 500 ml göwrümli çüýşeler alty-altydan, 250 ml göwrümli çüýşeler bolsa onikidenpolietilen bilen gaplanýar we taýýar önüm ammara ugradylýar. 

Hil barlagy we mikrobiologiýa bölümi

Bölümde hil, mukdar we mikrobiologiýa barlaglaryny amala aşyrmak üçin gerekli enjamlaryň ählisi oturdylan. Olar Ýewropanyň ösen döwletlerinde öndürilen enjamlardyr. Bölümde kärhanada arassa-çylyk kadalarynyň berjaý edilişine, ulanylýan suwuň, çig mallaryň, gaplamalaryň hiline yzygiderli gözegçilik edilýär. Taýýar önümiň düzümindäki minerallaryň, kömürturşy gazynyň derejeleriniň talabalaýyklygy, pH görkezijisi barlanýar. Barlaglar Ýewropanyň talaplaryna laýyk geçirilýär. Kärhanamyzyň önümi mähriban halkymyzy taňrynyň nazary düşen türkmen topragynyň jana şypa beriji melhem suwy bilen üpjin eder. Bu suwuň köpugurly bejeriji häsiýetleri ony daşary ýurtlara-da eksport etmäge düýpli esasdyr.

Kärhanamyzyň önümi mähriban halkymyzy taňrynyň nazary düşen türkmen topragynyň jana şypa beriji melhem suwy bilen üpjin eder. Bu suwuň köpugurly bejeriji häsiýetleri ony daşary ýurtlara-da eksport etmäge düýpli esasdyr.