Biz barada

Garaşsyz we Baky Bitarap döwletimizde ynsan saglygy baradaky alada döwlet derejesinde ykrar edilip, hemişe üns merkezinde saklanýar. Türkmenistanyň Prezidenti Çuňňur Hormatlanýan Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip düzülen we amala aşyrylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasy hem tutuşlygyna halkymyzyň saglygyny goramaga we ony berkitmäge gönükdirilendir.
"Türkmendermansenagat" birleşigi

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 14-nji sentýabryndaky “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň derman senagaty kärhanalaryny gurmak hakynda” 12548 belgili Kararyna laýyklykda 2013-2014-nji ýyllarda birleşiginiň düzüminde taýýar derman serişdelerini hem-de lukmançylyk ähmiýetli serişdeleri öndürýän täze 6 sany karhana guruldy we ulanmaga berildi.

Häzir birleşigiň garamagyndaky kärhanalarda öndürilýän dermanlaryň sany 340-dan geçip, olaryň köpüsi meýletin saglyk ätiýaçlandyrma şahadatnamasy bilen ilata ýeňillikli goýberilýär. Olar hili, howpsuzlygy we täsirliligi taýdan dünýä derejesindäki talaplara gabat gelýär. Birleşik öz işini Çuňňur Hormatlanýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ensiklopedik işi bolan „Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri“ atly kitabyna esaslanyp gurnaýar. Ýurdumyzda bitýän dermanlyk otlaryň, olardan taýýarlanýan toplumlaryň we çaýlaryň 50 görnüşiniň, S.A.Nyýazow adyndaky “Buýan” obasenagat toplumynda işe girizilen zawodyň (önümçilik kuwwaty ýylda  1 000 tonna buýan köküniň gury ekstrakty) öndürýän önüminiň ýerli derman kärhanalarymyzda gaýtadan işlenip, taýýar derman serişdesi hökmünde halkymyza ýetirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

"Saglyk" derman kärhanasy

Soňky ýyllarda “Saglyk” derman kärhanasynyň daşky we içki durky, ýagny binanyň içi we daşy derman önümçiliginiň talaplaryna görä abatlandy, önümçilik we kömekçi enjamlar doly derejede täzelendi.  Şeýlelik-de, kärhananyň önümçilik kuwwaty has-da artdy. Gerdejikler bölüminde oturdylan enjamlar gerdejikleriň hem-de süýri däneleriň önümçiliginiň göwrümini we sanyny artdyrmaga, hilini we daşky görnüşini dünýä talaplaryna gabat gelýän derejelere ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Ýodyň 5%-li spirtli erginini öndüriji täze gurlan bölüm, spirt bilen zyýansyzlandyrylan sanjym üçin birgezeklik antiseptiki hasa öndüriji bölüm, dünýä derejesindäki talaplara gabat gelýän dermanlyk çaýlary birgezeklik gaplarda öndürýän bölüm, “Korwalol” derman serişdesini guýýan bölüm, buýan köküniň şerbetini öndürýän we guýýan bölüm, doly derejede içki durky we önümçilik enjamlary täzelenen gerdejikler bölümi ilatymyzy we bejeriş edaralarymyzy öz öndürýän önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmäge ukyplydyrlar.

Türkmenderman Ajanta Farma

JÇB “Türkmenderman Ajanta Farma Ltd.” bilelikdäki kärhanasynyň, Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we Türkmenistanyň milli derman serişdeleri institutynyň hünärmenleriniň ýerli çig mallardan derman serişdelerini öndürmek maksady bilen geçiren işleriniň netijesinde türkmen buýanynyň gury ekstrakty süýri dänelere gaplanyp, täze derman serişdesi hökmünde lukmanlaryň we ilatymyzyň hyzmatyna hödürlendi. Ýene-de bilelikdäki kärhanada çagalar we ulular üçin ulanylýan külke görnüşli, dürli täsirli derman serişdelerini birgezeklik alýumin folga gaplarda öndürýän enjam oturdyldy we ýakymly tagam berlen antibiotikler, gyzgyn gaýtaryjylar hem-de dürli beden agyrylaryna garşy dermanlar öndürilip başlandy. Bilelikdäki kärhanada jemi 100 sany dürli görnüşli taýýar derman serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy.

"Tenekär" derman kärhanasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 19-njy iýulynda çykaran „Aşgabat şäherinde Infuzion erginleri öndürýän derman kärhanasyny gurmak hakyndaky“ 11754 belgili Kararyna laýyklykda bu kärhana 2013-nji ýylyň iýul aýynda dabaraly ýagdaýda açylyp, işe girizildi, soňra ol „Tenekär“ derman kärhanasy bilen birleşdirildi. Onuň önümçilik we kömekçi enjamlary Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Şwesiýanyň,  Ýaponiýanyň, Finlýandiýanyň we beýleki ösen döwletleriň dünýä belli kompaniýalary tarapyndan öndürildi. Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 10 000 000 flakon infuzion ergini bolup, ol 5% we 10% Glýukoza erginlerini, 0,9% Natriý hloridiniň erginini, Ringeriň erginini we beýlekileri öndürýär. Erginler 250 ml we 500 ml göwrümde polipropilen gaplarda öndürilýär.

"Buýan" obasenagat toplumy

S.A.Nyýazow adyndaky “Buýan” obasenagat toplumy ýurdumyzda buýan köküni we buýan köküniň önümlerini öndürýän hem-de daşary döwletlere eksport edýän ýeke-täk kärhanadyr. Onuň 100 ýyldan gowrak taryhy bolup, buýan önümçiligi öz başlangyjyny XX asyryň başyndan alyp gaýydýar.

1906-njy ýylda “Mak-Andrýus” atly anglo-amerikan firmasy häzirki Türkmenabat şäheriniň çäginde buýan köküni presleýji zawody gurýar we ilkinji gezek önümçilik usulynda buýan köküni taýýarlamak başlanýar.  

2008-nji ýylda toplumyň düzüminde buýanyň gury ekstraktyny öndürýän zawod işe girizildi – önümçilik kuwwaty ýylda 1 000 tonna.