5% ýod galamy. Antiseptiki serişde

Ulanmaga görkezmeleri: deriniň we nemli bardalaryň gaýnaglamasynda, miozitde, newralgiýada ulanylýar
Ýod önümleri

Önüm barada


Işjeň madda: 5% ýod

Düzümi: Ýod – 5 g., Kaliý ýodidi – 2 g., 95% spirt we suw deň mukdarda 100 ml çenli.

Farmakologiki täsiri: antiseptiki, gyjyndyryjy.

Ulanmaga görkezmeleri: deriniň we nemli bardalaryň gaýnaglamasynda, miozitde, newralgiýada ulanylýar

Garşy görkezmeleri: ýoda yokary duýujylyk.

Islenilmeýän täsiri: ýodizm.

Ulanylyş usuly: lukmanyň maslahaty boýunça ulanmaly.

Gaplanylyşy: 5% ýoduň spirtdäki ergini 5 ml-den plastiki galamda goýberilýär.

Dermannamasyz goýberilýär.

Saklanyş şertleri: 15-30oC temperaturada, berk ýapylýan hakyky gabynda, çagalaryň elýetmez ýerinde saklamaly.
Ulanyş möhleti: 2 ýyl.

Öndüriji we onuň salgysy: “Türkmendermansenagat” birleşigi “Ýod önümçiligi kärhanasy”. 744130, Bereket ş., Suwçylar köçesi 7-nji jaý.