Regidrat

Toplumlaýyn bejegriniň düzüminde bedende suw – elektrolit deňagramlygyny kadalaşdyrmakda, ýiti diareýada (içgeçmede, şol sanda mergi keselinde hem) asidozy aýyrmakda, gün urmada we beýleki suw-elektrolit bozulmalaryny dikeltmekde bellenilýär.
«Türkmenderman – Ajanta Farma» önümleri

Önüm barada


Dermanlyk görnüşi: külke, duzlar

Farmakoterapewtiki topary: Regidratasiýada ulanylýan duzlar

Düzümi:

Her paketde (21g):

Natriý hloridi, B.F..………. 2,6 g.

Kaliý hloridi, B.F……….. 1,5 g.

Natriý sitraty, B.F…………2,9 g.

Glýukoza suwsyz, B.F. ….13,5 g. 

Dolduryjylar …………………0,5 g.

Farmakologiki maglumatlar: Derman bedende energiýa we elektrolit deňagramlygyny saklamak üçin niýetlenen. Bedende suw ýitirlende, asidozda we suw-duz çalşygynyň bozulmasynda olary dikeldýär. Farmakokinetikasy. Derman damar içinde uzak wagtlap saklanmaýar we örän çalt interstisial boşluga hem-de öýjügiň içine geçýär. Ýarym bölüp çykaryş döwri 1 sagat. Böwrek üsti bilen peşewi köp mukdarda emele getirip, bölünip çykýar. 


Ulanmaga görkezmeler: Toplumlaýyn bejegriniň düzüminde bedende suw – elektrolit deňagramlygyny kadalaşdyrmakda, ýiti diareýada (içgeçmede, şol sanda mergi keselinde hem) asidozy aýyrmakda, gün urmada we beýleki suw-elektrolit bozulmalaryny dikeltmekde bellenilýär.

Keseliň öňüni almak maksady bilen – köp mukdarda derlemek bilen geçýän günüň aşagynda bolunmakda, fiziki ýüklenmelerde ulanylýar.

Ulanylyşy we ulanyş möçberi: Bir paketiň içindäki 21 g külkäni 1 litr gaýnan we sowadylan suwda eretmeli. Taýýarlanan ergini her sagatda geregiçe, ýagny ýitirilýän suwuklyga görä, mümkin bolsa lukmanyň maslahatyny alyp bellemeli. Taýýarlanan ergini 24 sagadyň dowamynda sowadyjyda saklap, ulanmak bolýar. Bir gije gündizlik mukdar 1 litr ergin.

Saklanyş şertleri: Gurak ýerde, 300С aşak temperaturada saklamaly.

Ulanyş möhleti: 3 ýyl.

Önümiň görnüşi: 10 paket, hersi  21 g. külke saklaýar, regidratasiýada ergin taýýarlap içmek üçin. Karton gapda ulanylyş görkezmesi bilen bilelikde goýberilýär.