Buýanyň süýri däneleri

bronhit, pnewmoniýa, bronhoektatiki keseli, giperasid gastriti, aşgazanyň we oniki barmak içegäniň baş keseli.
«Türkmenderman – Ajanta Farma» önümleri

Önüm barada


Düzümi: Buýan köküniň gury ekstrakty. – 100 mg.

Derman görnüşi: süýri däneler.

Farmakoterapewtiki topary: gakylyk goparyjy we mukollitiki derman serişdeleri.

Farmakologiki maglumatlary: buýanyň kökleri likkurazid glisirrizin tursusyny (6%-den pes däl), ýagny gakylyk goparyjy we sowuklama garşy täsirli triterpen glikozidleri saklaýar. Likwiritozid (flawonoid glikozidleri) we 244-trioksihalkon spazmolitik täsir edýär. Pentasiklik tri terpen – karbenoksolon aýgazanda baş keselleriniň bitmesini tizleşdirýär. Onuň sowuklama garşy we baş kesellerine edýän täsiri gormonal (adrenokortikomeňzeş) işjeňligi bilen bagly diýen çaklama bar. Buýan kökünden alnan derman serideleriniň gakylyk goparyjy täsiri bar.

Ulanma görkezmeleri: bronhit, pnewmoniýa, bronhoektatiki keseli, giperasid gastriti, aşgazanyň we oniki barmak içegäniň baş keseli.

Ulanylyşy we ulanyş möçberi: günde 1 süýri däneden 2-3 gezek nahardan soň içmeli.

Saklanyş şerti: gury, salkyn, ýagtylykdan goralýan ýerde saklamaly.

Ulanma möhleti: 2 ýyl.
Gaplama görnüşi: hersinde 10 süýri däneler bolan blisterler.