Ringeriň infuzion ergini

Bedenden köp möçberde suwuklyk ýitirilende, ýiti we dowamly zäherlenmelerde (dispepsiýada, ýanykda, sowuk almada, garahassalykda we ş.m,), operasiýa geçirilenden soňky ýagdaýlarda, ýagny natriýniň islendik görnüşde ýüze çykýan ýetmezçiliginde.
«Tenekär» derman kärhanasynyň önümleri

Önüm barada


Derman serişdesiniň gysga häsiýetnamasy. Ringeriň infuzion ergini (Ringer).

Patentlenmedik halkara himiki ady: Natrii chloridi composite.

Düzümi: Natriý hloridi – 8,6 gr, kalsiý hloridi – 0,33 gr, kaliý hloridi – 0,3 gr, sanjym üçin suw 1 litre çenli.

Derman görnüşi: ergin flakonda.

Farmakoterapewtik topary: Plazmanyň öwezini dolujy, gidratirleýji, dezintoksikasion derman

Kod: B05B B01.

Farmakologiki maglumatlary:

Öz düzüminde kaliý, kalsiý ionlaryny saklaýanlygy üçin Ringeriň infuzion ergini bedeniň fiziologiki şertini we ýaşaýyş ukybyny doly saklamagy üpjün edýär. Ergin şeýle-de plazmanyň öwezini dolujy, dezintoksikasion täsirleri ýüze çykarýar.

Farmakokinetikasy: öwrenilmämdir.

Ulanmaga görkezmesi: Bedenden köp möçberde suwuklyk ýitirilende, ýiti we dowamly zäherlenmelerde (dispepsiýada, ýanykda, sowuk almada, garahassalykda we ş.m,), operasiýa geçirilenden soňky ýagdaýlarda, ýagny natriýniň islendik görnüşde ýüze çykýan ýetmezçiliginde.

Garşy görkezmeleri: Ringeriň erginini gipernatriemiýa, sirkulýator distoniýa ýagdaýlarynda, şeýle-de beýnä we öýkene suw ýygnanmak howpy abananda, kortikosteroid dermanlaryň uly möçberi bellenilýän wagtynda ulanmak bolmaýar.

Ulanylyşy we ulanyş möçberi: Wena damara birbada ýa-da damjalap goýbermeli. Bellenilýän mukdar hassanyň ýaşyna, agramyna we keseliniň agyrlyk derejesune baglylykda bir gije-gündüzde 1-1,5 litre çenli ulanylyp bilner.

Islenilmeýän täsirleri: Adatça bu dermany hassalar oňat göterýär. Goşmaça gerekmejek täsirlere gabat gelinmedi.

Ulanylyşyň aýratynlyklary: Böwregiň bölüp çykaryş funksiýasy bozulan ýagdaýlarynda seresaplyk bilen ulanmaly.

Beýleki dermanlar bilen arabaglanyşygy: Kesgitlenilmedi.

Saklanyş şerti: Gury salkyn, ýagtylykdan goralýan ýerde, 15-25° С derejede saklamaly.

Ulanma möhleti: 3 ýyl.

Gaplama görnüşi: Polipropilen flakonda 250 ml; 500 ml