Reopoliglýukin

Gysga wagtlaýynça aýlanýan ganyň suwuk böleginiň göwrümini köpeldýär we netijede, ýürege wenalar bilen gelýän ganyň mukdary köpelýär. Gan damarlaryň ýetmezçiliginde arterial basyşyny we ýüregiň gan zyňyş güýjüni hem-de merkezi wenoz basyşyny ýokarlandyrýar.
«Tenekär» derman kärhanasynyň önümleri

Önüm barada


Derman serişdesiniň gysgajyk häsiýetnamasy    

Düzümi: Dekstran -40 – 100,0, Natriý hlorid – 9,0, Sanjym üçin suw – 1000 ml-e çenli

Derman görnüşi: Infuziýa üçin ergin.

Farmakoterapewtiki topary: Plazmanyň öwezini dolujy.

Farmakologik häsiýetleri. Gysga wagtlaýynça aýlanýan ganyň suwuk böleginiň göwrümini köpeldýär we netijede, ýürege wenalar bilen gelýän ganyň mukdary köpelýär. Gan damarlaryň ýetmezçiliginde arterial basyşyny we ýüregiň gan zyňyş güýjüni hem-de merkezi wenoz basyşyny ýokarlandyrýar. Ortaça molekulýar agramy 30000-den 40000 çenli. Eritrositleriň agregasiýasynyň öňüni alýar ýa-da peseldýär netijede ganyň mikrosirkulýasiýasy gowlanýar. Böwrekde gan aýlanyşyny ýokarlandyryp (perfuziýany), diuretik (peşew ýörediji) häsiýeti ýüze çykarýar. Operasiýadan we şikeslenmeden (trawmadan) soň trombositleriň biri-birine ýelmeşmegini (adgeziwligini) peseldýär hem-de tromblaryň emele gelmeginiň öňüni alýar.

Kliniki maglumatlary: Ýanykda, şokda, ýagly emboliýada, pankreatitde, peritonitde, parez ýa-da paraliç sebäpli içiň ýöremezliginde, şikeslenmede hem-de idiopatik eşitmegiň kynlaşmagynda, arterial we wenoz gan aýlanyşyň ýetmezçiligi sebäpli gangrenanyň döremek howpy bolanda, Reýnonyň keselinde, ýiti güýçli insultda, operasiýadan hem-de şikeslenmeden soňky tromboemboliýanyň öňüni almakda, ýürekde açyk operasiýadan soň ýüze çykýan tromblaryň emele gelmeginiň öňüni almakda, ýürekde açyk operasiýalar geçirilende tebigy däl gan aýlanyşy sazlaşdyryjy enjamda aýlanýan ganyň düzümine goşmak üçin ulanylmaly.

Garşy görkezmeleri: Trombositopeniýada (ganyň durmazlygy), agyr geçýän ýürek ýetmezçiliginde, böwrek ýetmezçiligi sebäpli anuriýada we dekstrana allergiýa bolanda.

Islenmeýän täsirleri: Gyzdyrma, üşütme, ysytma, ýürek bulanma, deride gyzyl tegmilleriň, düwürtikleriň emele gelmegi, anafilaktiki reaksiýalar ýüze çykyp gipotoniýanyň, kollapsyň (özüňden gitme), oliguriýanyň bolmagy mümkindir.

Aýratyn görkezmeleri: Ýürek ýetmezçiliginde gan aýlanşyna agram salmaz ýaly we ýürek ýetmezçilik kesellerinde öýkende çiş keseli döremez ýaly derman serişdesini seresaplyk bilen bellenilýär. Göwrelilere derman serişdesini diňe gaýra goýulmasyz ýagdaýlarda bellenilýär. Reopoliglýukin bilen antikoagulýant derman serişdesini bilelikde bellenilende olaryň belleme mukdaryny azaltmaly. Oliguriýa bolan ýagdaýynda furosemid we duzly erginleri goýbermeli. 

Ulanylyşy we ulanyş möçberi: Her bir näsaga, onuň ýagdaýyna bagly hem-de gemodinamikasyna seredip aýratyn mukdarlary saýlanylmalydyr. Şikeslerden, operasiýalardan, ýanyklardan soň ýüze çykýan şok bilen bagly ýa-da başga sebäplere görä ýüze çykýan mikrosirkulýasiýanyň ýetmezçiliginde, gan damaryna damja görnüşinde haýal, bir gije-gündiziň dowamynda 400ml -den 1000ml möçberinde goýbermeli. Ýürek we gan damarlaryna operasiýalar geçirilende, operasiýadan öň wena içine damja görnüşinde 10ml/kg, operasiýa wagtynda 400-500ml we operasiýadan soň 5-6 günüň dowamynda 10ml/kg möçberinde goýbermeli.

Çagalar üçin goýberiljek erginiň möçberi bir gije-gündiziň dowamynda 15ml/kg –dan köp bolmaly däl.

Ýürek we gan damarlaryna operasiýalar geçirilende 2-3 ýaşyndaky çagalara 10ml/kg (gije-gündiziň dowamynda 1 gezek), 8 ýaşa çenli çagalara 7-10ml/kg (gije-gündiziň dowamynda 1-2 gezek), 13 ýaşa çenli çagalara 5-7ml/kg (gije-gündiziň dowamynda 1-2 gezek), 14 ýaşdan ýokary balan çagalara bolsa uly adamlara goýberilýän möçberi ulanylýar. Dezintosikasiýa üçin 5-10ml/kg 60-90 minutyň dowamynda ulanmaly. Tromboemboliýanyň öňüni almak üçin birinji gün 10-20 ml/kg-dan hem-de gerek bolsa 10 ml/kg-dan 4-6 sagatlap gaýtalap, ikinji gün gana damja görnüşinde sançmaly.

Saklanyş şerti: +25 C derejeden ýokary bolmadyk, gury, salkyn we ýagtylykdan goralýan şertlerde saklamaly.

Ulanma möhleti: 2 ýyl.

Gaplama görnüşi: derman çüýşede 200; 250; 400; 500 ml.