Natriý hloridiniň 0,9% ergini

Bedenden köp mukdarda suw we suwuklyk ýitirilende, dürli zäherlenmelerde (dispepsiýada, ýanykda, sowuk almada, gusmakdan soň), operasiýa geçirilenden soňky ýagdaýlarda.
«Tenekär» derman kärhanasynyň önümleri

Önüm barada


Natriý hloridiniň 0,9% izotoniki ergini (Natrii chloridum).

Umumy häsiýetnamasy:

Patentlenmedik halkara himiki ady: Natrii chloridum.

Düzümi: Natriý hloridi 9 gr. we sanjym üçin suw 1 litre çenli.

Farmakoterapewtiki topary: Plazmanyň öwezini dolujy, gidratirleýji derman.

Kod: B05X A03.

Derman görnüşi: ergin flakonda.

Farmakologiki maglumatlary:

Natriý hloridi adam bedeninde ganyň düzüminde we dokumalardaky suwuklyklarda saklanýar. Ol ganyň osmos basyşynyň hemişeligini üpjün edýär we öýjük içki maddadyr. Plazmanyň öwezini dolujy we dezintoksikasion häsiýetleri bar.

Farmakokinetikasy: öwrenilmedi. 

Ulanmaga görkezmesi: Bedenden köp mukdarda suw we suwuklyk ýitirilende, dürli zäherlenmelerde (dispepsiýada, ýanykda, sowuk almada, gusmakdan soň), operasiýa geçirilenden soňky ýagdaýlarda.

Garşy görkezmeleri: Natriý hloridiniň izotoniki erginini gipernatriemiýa, sirkulýator distoniýa ýagdaýlarynda, şeýle-de beýnä we öýkene suw ýygnanmak howpy abananda, kortikosteroid dermanlaryň uly möçberi bellenilýän wagtynda ulanmak bolmaýar.

Ulanylyşy we ulanyş möçberi: Wena damara birbada ýa-da damjalap goýbermeli. Bellenilýän mukdar hassanyň ýaşyna, agramyna we keseliniň agyrlyk derejesune baglydyr. Bir gije-gündüzlik mukdary 3 litre çenlidir.

Islenilmeýän täsirleri: Adatça bu dermany hassalar oňat göterýär. Goşmaça gerekmejek täsirlere gabat gelinmedi.

Ulanylyşyň aýratynlyklary: Böwregiň bölüp çykaryş funksiýasy bozulan ýagdaýlarynda seresaplyk bilen ulanmaly.

Beýleki dermanlar bilen arabaglanyşygy: Kesgitlenilmedi.

Saklanyş şerti: Gury salkyn, ýagtylykdan goralýan ýerde, 15-25 С derejede saklamaly.

Ulanma möhleti: 4 ýyl.