Natriý gidrokarbonat 4%-li ergini

Natriý gidrokarbonat adam organizmindäki esasan suwukluklardaky kislota-aşgar gatnaşygyny sazlaýjy himiki maddadyr, sebäbi adamzat kislarody ulanýan organizmler toparyna girýändir we organizmde onuň kömegi bilen himiki hadysalarda kislorod ulanylyp turşy ýa-da kislota häsýetleri bar bolan maddalar (önümler) emele gelýändir hem-de olaryň täsirlerini aýyrmak üçin öýjükleriň içindäki we daşyndaky suwukluklarda gowşak aşgar häsýetli (bufer) ulgamy bardyr.
«Tenekär» derman kärhanasynyň önümleri

Önüm barada


Natriý gidrokarbonat 4%-li ergini

Halkara patentleşdirilmedik ady: Sodium carbonate.

Latyn ady: Natrii Hydrocarbonas.

Derman görnüşi: Natriý gidrokarbonatyň 4% ergini100 ml. ýa-da 250 ml. derman çüýşe.

Umumy häsýeti we düzümi: dury, reňksiz suwuklyk. Osmolýarlygy -952 mosmol/l, pH-7,8-8,8. Düzümi 100 ml. erginde 4 gr. Natriý gidrokarbonaty; kömekçi madda etilendiamintetrauksusturşusynyň dinatriý duzy (trilon B), sanjym üçin suw.


Farmakologik häsýetnamasy: Natriý gidrokarbonat adam organizmindäki esasan suwukluklardaky kislota-aşgar gatnaşygyny sazlaýjy himiki maddadyr, sebäbi adamzat kislarody ulanýan organizmler toparyna girýändir we organizmde onuň kömegi bilen himiki hadysalarda kislorod ulanylyp turşy ýa-da kislota häsýetleri bar bolan maddalar (önümler) emele gelýändir hem-de olaryň täsirlerini aýyrmak üçin öýjükleriň içindäki we daşyndaky suwukluklarda gowşak aşgar häsýetli (bufer) ulgamy bardyr. Bu ulgamyň esasy natriý gidrokarbonat toparydyr, şonuň üçinem organizimiň suwukluklarynyň esasanam, ganda (arteriýal ganda) pH-7.35-den-7,45-e çenli aralykda sklanýandyr.Muny şu aralykda sklamaga öýken hem de böwrek gatnaşýandyr. Öýkeniň orny CO2 parsial basyşyny sazlamakdadyr, Böwregiň bolsa HCO3 mukdaryny sazlamakdadyr. CO2 mukdaryny sazlamak dem alyşy üýtgetmek esasynda, ýagny ýokarlandyrmak ýa-da peseltmek bilen sazlanylýandyr, CO2 gandaky mukdary HCO3 mukdaryna baglydyr. Şonuň üçin CO2 mukdary köpelse ýa-da basyşy 40 mm. simap sütünjiginden köp bolsa, raspirator asidoz ýa-da pH-kislota tarapyna köpelýär, egerde 40 mm. simap sütüninden az bolsa, alkaloz pH-aşgar tarapyna üýtgeýändir. Bu üýtgemeleri adam özi sazlaýandyr (başda öýjükler çalt H+ ionlary girýändir we öýjügiň içindäki anionlar birleşdirilýär, soň bolsa böwrek bilen kislotalar ýa-da aşgarlaryň çykarylmagy sebäpli suwukluklaryň pH-i kadalanýar). Başda HCO3 mukdary natriý gidrokarbonatyny ulanmak sebäpli ýa-da başga sebäpler bilen üýtgese, onda öýkeniň wentilýasiýasy üýtgedilýär (dem alyş haýallandyrylýar). Böwrek HCO3 ganyň suwuk bölegindäki mukdaryny birnäçe usul bilen sazlaýar: gana geçirmek bilen ýa-da organizimden çykarylýan kislotalary emele getirip ýa-da ammoniýanyň ionlarynyň çykyp gitmegini ýokarlandyrmak bilen. Adaty ýagdaýda HCO3 –niň 4000 mmol bir gije gündizde süzgüçden geçýär (süzülýär), ýöne onuň kanaljyklardan yzyna gana geçmegi (reabsorbsiýa) üçin hem şonça-da H+ emele gelmelidir (HCO3 80-90% proksimal kanaljyklarda yzyna geçýändir, galany distal kanaljyklarda). Mundan başgada uçmaýan kislotalaryň düzümünden 40-60 mmol H+ ionlary emele gelýändir, bular hem natriýa çalşylyp böwrek bilen çykarylmalydyr. Wodorodyň iýonlary nefronyň soňky böleklerinden kislotalar hem-de ammoniýoniň iýonlary bilen çalşyrylýandyr, böwrekler kadaly işleýän ýagdaýynda madda çalşygy ýokary bolsa, ammoiýniň ionlarynyň çykarylmagy ýokary bolýandyr.

Ulanma görkezmeleri: Dowamly böwrek ýetmezçiligi hem-de suwuk iç geçmede (HCO3) mukdarynyň azalmagy sebäpli ýüze çykýan metabolik asidozda, şoklarda diabetik komada, köp ojaklaýyn ýanyklarda, operasiýadan soňky agyr ýagdaýlarda, dyngysyz gusmada, bagryň we böwregiň ýiti zaýalanmasynda. Absolýut görkeziji ganyň pH-7,2-den pese düşmegi bolup durýar. (kadada 7,37-7,42)

Ýokary anion interwaly bolan asidozda: köplenç bu ýagdaý süýjülik (diabetde) keselinde, arakkeşlerde, açlykda hem-de etilenglikol, metanol, salisilatlar bilen zäherlenilende bagyr ýetmezçiliginde ýüze çykýar. Köplenç natriý gidrokarbonat asidoz agyr bolup ýüregiň ýygrylyş häsýeti peselende we laktatyň mukdary köp bolanda ulanylýar, ýöne doly asidozy natriý gidrokarbonat bilen aýyrmak gorkulydyr. Şonuň üçinem, natriý gidrokarbonat 30-45 minutlap diňe arterial ganyň pH-ni 7,2 çenli ýeter ýaly mukdarda sanjylýar, ondan artykmaç goýberilse näsagda arterial basyşyň ýokarlanmagyna hem-de öýken çişmesine getirmegi mümkindir.

Ulanylyşy we ulanyş möçberi: ululara damar içine we göni içege içine damja görnüşünde goýberilýär, çagalara damar içine goýberilýär. Ululara goýberiliş tizligi 1 minutda 60 damja bolmaly, bir gije gündizde 200 ml çenli. Her bir näsaga, onuň ýagdaýyna bagly hem-de gemodinamikasyna seredip aýratyn mukdarlaryny saýlanylmalydyr. Egerde näsagyň ýagdaýyagyr bolda hem-de asidozda anion interwal ýokary bolanda HCO3 mukdaryny plazmada kem-kepden köpeldilip, onuň mukdaryny 20-22 mmol/l saklamalydyr. Köplenç pH-7,2-den pes bolanda, asidoz bir-iki sagadyň içinde 50-100 mmol natriniň bikarbonaty sanjylýar we onuň dowamlylygy 30-45 minut bolmalydyr. Köplenç näsaglara näçe çalt sanjylma infuziýa başlanylsa, şonça-da gowudur. Hem-de dürli ýetmezçiligiň öňüni almak başartýandyr. Infuziýany diňe pH 7,2 ýetýänçä geçirilse, ony 30-35 minudyň içinde geçirilmek maslahat berilýändir. Bejergi döwründe ganyň plazmasyndaky K+ mukdaryny barlap durmalydyr, sebäbi pH-ň ýokarlanmagy bilen K+ mukdary peselýändir.

Islenmeýän täsirleri: Ýürek bulanma, gusma, anoreksiýa, kelle agyry, birahatlyk. Arterial gipertenziýa.

Garşy görkezmeler: metaboliki we respirator alkaloz, gipokalemiýa, giperkalsemiýa.

Dermanlar bilen özara täsiri: Natriý gidrokarbonatyň ergininde turşy serişdeleri (Wit C, Wit PP we ş.m), alkoloidleri (atropin, apomorfin, kofein, teobromin. Papawerin we ş.m.), ýürek glikozidlerini, kalsiý magniý, agyr metallaryň duzlaryny (demir, misk, sink we ş.m.) garyşdyrmaly däl, sebäbi çökündiniň emele gelmegi ýa-da organiki birleşmeleriň gidrolizi bolup geçmegi mümkin.

Çenden aşa köp ulanylanda: giperalkalozyň we tetaniki titremäniň (тетаническая судорога) emele gelmegi mümkin. Bular ýaly ýagdaýda derman serişdesiniň goýberilmesini bes etmeli, tetaniýa alamatlary bolan ýagdaýda ululara 1-3 gr. kalsiý glýukonatyny goýbermeli.

Ulanma aýratynlyklary: Ganyň turşy-aşgar ýagdaýyny gözegçilik etmek zerur, ýürek we böwrek ýetmezçilikli näsaglarda keseliň ýitileşmegi we çişleriň emele gelmegi mümkin.                                                                                                             
Ulanyş we saklanyş şertleri: gury, salkyn, gün şöhlesinden goralan ýerde 25Co-dan ýokary bolmadyk şertlerde saklamaly. Ulanma möhleti 2 ýyl.

Gaplama görnüşi: derman çüýşede 100 ml we 250 ml.