Metronidazol

ganyň plazmasyndaky proteinler bilen 10%-i birleşýär. Bioelýeterligi 80%. Bedeniň dokumalaryna we suwuklyklaryna çalt ýaýraýar. Bagra düşüp onuň köp mukdary öt bilen bölünip çykýar. Az bölegi üýtgemedik metabolit görnüşde peşew bilen çykýar.
«Tenekär» derman kärhanasynyň önümleri

Önüm barada


Metronidazolyň 0,5%-li infuziýa üçin ergini

Patentleşdirilmedik halkara ady: metronidazolum.

Düzümi: Metronidazol – 5 mg/ml.

Derman görnüşi: infuziýa üçin ergini. Kod: J01X D01.

Farmakoterapewtiki topary: protozoýlara garşy serişde, 5-nitroimidazolyň önümi.

Farmakologiki maglumatlary: Farmakodinamikasy – protozoýlara garşy we bakteriosid täsirli nitroimidazolyň önümi. Trichomonas vaginalis, Entamoeba histolytica, Giardia Lamblia, şeýle-de anaerob gramotrisatel bakteriýalara (Bacteroides spp., Bacteroides fragillis, Fusobacterium spp.), anaerob grampolojitel bakteriýalara (Clostridium spp., duýgur ştammlar Eubacterium), anaerob grampolojitel kokklara (Peptococcus spp., Peptostreptoccus spp.) garşy işjeňdir. Aerob bakteriýalara täsir etmeýär. Metronidazol bakteriýalaryň içine girýär, şeýlelik-de onuň nitro topary gidroksilamine öwrülip bakteriýalaryň DNT-a täsir edip olary ýok edýär.

Farmakokinetikasy: ganyň plazmasyndaky proteinler bilen 10%-i birleşýär. Bioelýeterligi 80%. Bedeniň dokumalaryna we suwuklyklaryna çalt ýaýraýar. Bagra düşüp onuň köp mukdary öt bilen bölünip çykýar. Az bölegi üýtgemedik metabolit görnüşde peşew bilen çykýar.

Kliniki maglumatlary: Ulanma görkezmeleri- zenanlarda trihomonad waginiti we uretriti, erkeklerde trihomonad uretriti, lýamblioz, ameb içgeçmesi, aşgazanyň we oniki barmak içegesiniň baş kesellerinde, dermana duýgur bakteriýalar tarapyndan döreýän anaerob infeksiýalarda. Agyr garyşyk aerob-anaerob ýokanç keselleriň utgaşdyrylan bejergisinde. Dowamly arakhorlyk. 

Ulanylyşy we ulanyş möçberi: serişde damar içine damja görnüşinde goýberilýär. Ululara we 12 ýaşdan uly bolan çagalara bejergi maksat bilen damar içine damja görnüşinde metronidazolyň 0,5-1 gram, soňra 0,5 gram möçberde her 8 sagatdan bellenilýär. Меtronidazol bilen bejerginiň dowamlylygy 7 gün. Меtronidazolyň gündelik möçberi 4 gramdan ýokary bolmaly däldir. Меtronidazolyň 12 ýaşa çenli çagalara bejergi maksat bilen bir gezeklik möçberi 7,5 mg/kg. Damjanyň çaltlygy 5 ml/min. Bagryň agyr kesellerinde mеtronidazolyň möçberini azaltmaly, sebäbi onuň metabolizmi we eliminasiýasy haýallaýar.

Garşy görkezmeleri: merkezi nerw ulgamynyň organik zeper ýetmesinde, gan keselleri, göwreliligiň ilkinji üçaýlygy, metronidazol we nitroimidazolyň önümlerine ýokary duýgurlylyk.

Islenilmeýän täsirleri: ýürek bulanma, gaýtarma, işdäň kesilmegi, agyz boşlugynda ýaramsyz metallik tagam, kelle agyry, baş aýlanmak, ýokary howsalalyk, depressiýa, ukusyzlyk, artralgiýa, gowşaklyk, allergiýa reaksiýalary (deri örgüni, gijilewük, krapiwnisa), leýkopeniýa.

Göwreli zenanlarda we çaga emdirilýän döwründe ulanylyşy: metronidazol plasentadan çalt geçýär. Göwreliligiň II we III üçaýlyklarynda metronidazol diňe, örän zerur bolan ýagdaýynda ulanylýar. Меtronidazol ene süýdi bilen bölünip çykýar. Süýt emdirilýän döwri dermany ulanmak gerek bolan ýagdaýynda ene süýdi bilen çagany emdirmekligi bes etmek soragyny çözmeli.

Aýratyn görkezmeler: bagyr kesellilerde metronidazol seresaplylyk bilen ulanmaly. Bejergi wagtynda ganyň düzümine gözegçilik etmeli. Metronidazol bilen bejergi döwründe spirtli içgileri we uky dermanlaryny içmekden saklanmaly. 

Dermanlar bilen özara täsiri: metronidazol bilen bir wagtda göni däl antikoagulýantlar ulanylanda olaryň ganyň plazmasyndaky mukdary ýokarlanýar, bu bolsa gan akmasyna getirmegi mümkin. Simetidin onuň bölünip çykmasyny peseldip, gandaky mukdarynyň ýokarlanmagyna getirip biler.

Saklanyş şerti: B sanawda, salkyn we garaňky ýerde, 250 С temperatura çenli saklamaly.

Ulanma möhleti: 2 ýyl.

Gaplama görnüşi: derman çüýşede 100 ml.