Mannitol ergini 10 %

Mannitoly ýiti oligouriýaly böwrek ýetmezçiliginde, kelleçanak içki we göz içki basyşy peseltmekde, käbir toksiki maddalar (aspirin, käbir barbituratlar, bromidler, etilenglikol) bilen zäherlenende toksinleriň peşew bilen çykarylyşyny çaltlandyrmak üçin ulanylýar. Mannitol beýleki diuretikler bilen utgaşdyrylyp dürli görnüşli çişleri, assidi bejermekde, operasiýalar geçirilende ulanylýar.
«Tenekär» derman kärhanasynyň önümleri

Önüm barada



Derman serişdesiniň gysgajyk häsiýetnamasy: Mannitol (Mannitol ergini 10 %)

Patentleşdirilmedik halkara himiki ady: mannit.

Düzümi: mannit 100 gr, natriý hlorid 9.0 gr, sanjym üçin suw 1000 ml çenli.

Derman görnüşi: ergin görnüşde.

Farmakoterapewtiki topary: osmotiki aktiw diuretiki madda .

Kod: 11.6.1. ATH: W 05 WS 01.

Farmakologiki maglumatlary:

Farmakodinamikasy: Mannitol wena damaryna goýberilenden soň böwrek ýumajyklarynda erkin sorulýar, kanaljyklarda bolsa yzyna gowşak sorulýar. Osmos basyşynyň kanaljyklarda ýokarlanmagy suwuň yzyna sorulmagynyň peselmegine getirýär. Dermanyň täsiriniň ýokary derejede ýüze çykmagy üçin böwrek ýeterlik mukdarda gan bilen üpjün bolmaly. Mannitiň täsiri netijesinde bedenden natriý, peşew turşysy, moçewina we beýleki elektrolitler çykarylýar. 

Farmakokinetikasy: Belli bolşy ýaly derman içilen ýagdaýynda onuň 17% peşew bilen üýtgemedik görnüşinde çykýar. Mannitol wena damaryna goýberilenden soň deň derejede öýjük daşky boşluga hem ýaýraýar, göz dokumasyna geçmeýär. Mannitolyň diňe 7 – 10 % metabolizirlenýär, galan bölegi peşew bilen üýtgemedik görnüşinde bedenden çykýar.

Ulanmaga görkezmeler: Mannitoly ýiti oligouriýaly böwrek ýetmezçiliginde, kelleçanak içki we göz içki basyşy peseltmekde, käbir toksiki maddalar (aspirin, käbir barbituratlar, bromidler, etilenglikol) bilen zäherlenende toksinleriň peşew bilen çykarylyşyny çaltlandyrmak üçin ulanylýar. Mannitol beýleki diuretikler bilen utgaşdyrylyp dürli görnüşli çişleri, assidi bejermekde, operasiýalar geçirilende ulanylýar.

Ulanylyşy we ulanyş möçberi: wena damara damjalap, haýal goýberilýär, gyssagly ýagdaýlarda çalt goýbermek hem bolar. Bejeriş möçber 1-1,5 gr/kg, keseliň öňüni almak maksady bilen 0,3 gr/kg. bellenilýär. Bir gije-gündüzlik mukdary 140-180 gr. geçmeli däl. Ekstrakorporal gan aýlanyş usuly bilen geçirilýän operasiýalarda mannitol 20-40 gr. möçberde ulanylmanyň öňüsyrasynda enjama guýulýar.

Garşy görkezmeleri: Dermanyň komponentine bolan indiwidual ýokary duýyjylyk.

Islenilmeýän täsirleri: Mannitol ulanylanda bedende esasan elektrolit we suw deňagramlygynyň bozulmagy duş gelip biler. Şonuň üçin bu görkezijileriň kadaly monitoringi geçirilmelidir. Başgada AIT (ögemek, gusmak), ýürek – damar ulgamynda (öýken çişi, dowamly ýürek ýetmezçiligi), MNU (baş aýlanma, kelle agyry we ş.m.) bozulmalar bolup biler.

Aýratyn görkezmeler: Bir ýaşyna çenli çagalarda we gartaşan adamlara serasaplylyk bilen bellenilmeli. 

Dermanlar bilen özara täsiri: Mannitol litiniň eliminasiýasyny ýokarlandyryp biler.

Uly möçberde bellenende: Mannitol köp mukdarda bellenende natriniň, kaliniň we hloridleriň uly möçberde bedenden çykarylmasy bolýar. Bu ýagdaýda gemodializiň geçirilmegi gerek.

Saklanyş şerti: B sanawda, salkyn we garaňky ýerde, 250 С temperatura çenli saklamaly.

Ulanma möhleti: 2 ýyl.

Gaplama görnüşi: 100, 200, 250 ml. flakonda.