Kaliýa Hloridiň 0,5 % Ergini

Kaliý, gyjyndyrmany nerwlardan innerwasiýa edilýän beden agzasyna geçirmekligi gatnaşýar, ol şeýlede bu hadysany neýronlaryň arasynda ýerine ýetirýär. Kaliý iýonlary myşsalaryň ýygrylmagy üçin nerw boýunça impulslaryň geçirilmegi üçin gerek.
«Tenekär» derman kärhanasynyň önümleri

Önüm barada


0,5 % Kaliýa Hlorid erginiň izatoniki natriýa hlorid ergininde lukmançylyk görkezmeleri boýunça ulanmaklygyň görkezmesi (instruksiýasy).

Derman serişdesiniň ady: 0,5%ni kaliýa hlorid ergini izatoniki natriýa hlorid ergninde 

Düzümi: natriýa hlorid – 9,0 gr, kaliýa hlorid-0,5gr, sanjym üçin suw- 1 litra çenli

Dermanyň görnüşi: Infuzion ergini

Farmakologiki malumaty: Metaboliki hadysalary sazlaýan (regulirlaýan) serişde.

Farmaterapewtiki topary: Kaliý serişdesi.

Farmakodinamikasy: Kaliý, gyjyndyrmany nerwlardan innerwasiýa edilýän beden agzasyna geçirmekligi gatnaşýar, ol şeýlede bu hadysany neýronlaryň arasynda ýerine ýetirýär. Kaliý iýonlary myşsalaryň ýygrylmagy üçin nerw boýunça impulslaryň geçirilmegi üçin gerek. Bu bolsa ýürek awtomatiýasyny goldaýar. Bedene köp göwrümde kaliý duzlarynyň düşmegi esasynda diurez (bugşugma) köpelýär.

Farmakokinetika: Bedende aşgar, duz we ion deň agramlygynyň korreksiýasy üçin ulanylýan serişde.

Ulanmaklyga görkezmeler: Gipokalimiýa naperstýankany köp ulanylanlygy esasynda döreýän intoksikasiýa dürli görünüşde aritmiýa, patalogiki hadysany çalt aýyrmak üçin agyr intoksikasiýalarda we yzygiderli gaýtarma hadysalarynda.

Garşy görkezmeler: Giperhlomeriýa, gipernatriýemiýa, giperkalimiýa, oliguriýa, anuriýa. Ýürek ýetmezçiliginiň dekompensasiýalarynda ätiýaçly bolmaly. 

Arabaglanşygy: Düzüminde Fosfat bolan elektrolit konsentratlary bilen bile ulanmaklyk gadagan. 

Ulanyşy usuly we möçberleri: Infuzion serişde görünüşinde bar bolan (ýetmezçilige) difisita laýyklykda maksimal 20-30 mmol K/sagatda ýa-da 100-150 mmol K/günüň dowamynda goýberilýär.

Islenilmeýän täsirler (effektler): Gaýtarma we ýürek bulanma bolmagy mümkin, kaliý hloridiň toksiki täsiri böwrek üsti mäzleriň ýetmezçiliginde bolýar. Aşa (köp) möçberlerde ulanylanda kaliý iýonlary ganyň plazmasynda ýygnanýar. Bu hem intoksikasiýa ýagdaýyny döretmegi mümkin.

Ulanyş möhleti: 4 ýyl

Saklanylyş ýagdaýy we möhleti: Gury, salkyn, 250 С temperaturasyndan ýokary bolmadyk ýerde saklamaly. 

Ergin diňe dury bolsa we onda başga jisimler bolmadyk ýagdaýynda, gaby hem bozulmadyk ýagdaýynda ulanmaly.

Öndüriş görünüşi: Çüýşe gaplar 100,200 we 250 ml.