Glýukozanyň 5 % ergini

Glýukoza adam bedeninde energiýa çeşmesi bolup hyzmat edýär, ganyň plazmasynyň mukdaryny öwezini dolmaklygyny saklaýar. Glýukozanyň 10 % -li ergini belli bir derejede bedeniň ýitiren suwuklygynyň öwezini dolýar, gipertoniki erginiň osmos aktiwliginiň ýokarlanmagy bilen dokumalardan suwuklygyň çykyp, damara geçmegine ýardam edýär.
«Tenekär» derman kärhanasynyň önümleri

Önüm barada


Derman serişdesiniň gysga häsiýetnamasy:

Patentlenmedik halkara himiki ady: deхtrose.

Düzümi: Glýukoza 55 gr

Derman görnüşi: ergin flakonda.

Farmakoterapewtiki topary: Plazmanyň öwezini dolujy, dezintoksikasion derman.

Kod: B05C X01.

Farmakologiki maglumatlary:

Glýukoza adam bedeninde energiýa çeşmesi bolup hyzmat edýär, ganyň plazmasynyň mukdaryny öwezini dolmaklygyny saklaýar. Glýukozanyň 0,5 % -li ergini  belli bir derejede bedeniň ýitiren suwuklygynyň öwezini dolýar, gipertoniki  erginiň osmos aktiwliginiň ýokarlanmagy bilen dokumalardan suwuklygyň çykyp, damara geçmegine ýardam edýär. Peşew çykarma artýar we bedenden zäherli maddalaryň çykarylyşy köpelýär. Glýukozanyň molekulalary energiýanyň harçlanmagyna gönükdirilýär.

Farmakokinetikasy: öwrenilmändir.

Ulanmaga görkezmesi: Gipoglikemiýa, gipoglikemik koma, sarsgyn, kollaps ýagdaýy, zäherlenmelerde (hirurgiki, trawmatologiki, reanimasion we ş.m. amalyýetlerde).

Garşy görkezmeleri: Süýjili diabet, giperglikemiýa.

Islenilmeýän täsirleri: Adatça bu dermany hassalar oňat göterýär. Käte lihoradka, derman goýberilen ýerde gaýnaglama bolmagy mümkin. Tromboz-tromboflebit köplenç aseptikanyň düzgünini saklanylmaýanlygy üçin ýa-da sanjymyň belli bir ýere köp sanjylmagyndan döräp biler. Giperwolemiýa, ýiti çep garynjyk ýürek ýetmezçiligi bolup biler.

Uly möçberde bellenende: Uly-köp möçberde ulanylmagyna duş gelinmedi.

Beýleki dermanlar bilen arabaglanyşygy: Kesgitlenilmedi.

Saklanyş şerti: Gury salkyn, ýagtylykdan goralýan ýerde, 15-25 С derejede saklamaly.

Ulanma möhleti: 4 ýyl.

Gaplama görnüşi: flakonda 100 ml; 200 ml; 250 ml; 400 ml; 500 ml