"Gidroksietilkrahmal"

Ganyň suwuk böleginiň ornuny tutýan derman. Gidroksietilkrahmal tebigy däl (sintetiki) kolloid aýlanýan ganyň möçberiniň öwezini dolmak üçin niýetlenendir.
«Tenekär» derman kärhanasynyň önümleri

Önüm barada


Gidroksietilkrahmal 200/0,5 (GEK 6%-li, 10%-li) ergininiň (Solutio hydoxiethyl starch) ulanylyş düzgünnamasy

​Derman görnüşi: Infuziýa üçin ergin.

Farmakoterapewtiki topary: Plazmanyň öwezini dolujy

Düzümi: Gidroksietilkrahmal 200/0,5 – 60 gram ýa-da 100 gram, Natriý hloridi – 9,0 g; Sanjym üçin suw 1000 ml çenli

Farmakologiki häsiýetleri. Molekulýar agramy ortalyk 200000 D-dyr, gidroksietil toparynyň orny

0,5-dyr, GEK mukdary 6% ýa-da 10%. Düzümindäki krahmal sümbül görnüşindäki mekgejöwenden alnandyr. Ergin damar içine sançmak üçin, dury ýa-da biraz bulanygrak, reňksiz ýa-da sarymtylrak reňklidir. 250 ml we 500ml derman çüýşede çykarylýar.

Ganyň suwuk böleginiň ornuny tutýan derman. Gidroksietilkrahmal tebigy däl (sintetiki) kolloid aýlanýan ganyň möçberiniň öwezini dolmak üçin niýetlenendir. GEK himiki gurluşy boýunça glikogene çalym edýändir, şonuň üçinem adamda ýokary tolerantlyk hem-de anafilaktik häsiýetleri başgalardan tapawutly pesräkdir. Dermanyň ergini temperaturanyň ýokarlanmagynda ýa-da aşak düşmeginde üýtgemeýär we 100% golaý gana sanjylandan soň aýlanýan ganyň möçberini köp wagtlap (wolemik häsiýeti) saklanýar. Terapewtik täsiri 6 sagat saklanýar. Molekulýar agramy ortalyk 200000 D bolanlygy sebäpli böwregiň süzgüjinden geçmeýär we bejeriş wagtynda häsiýeti saklanýar. Günde 500 ml we ondan hem köp makdarda 10 günüň içinde sanjylanda-da ganyň suwuk böleginde ýygnanma häsiýeti ýüze çykarmaýar. GEK 200000 D molekulasy haýal plazmadaky α-amilaza tarapyndan dargadylýar, şonuň üçinem dürli dokumalarda ýygnanýandyr, ganyň suwuk böleginde bolsa az möçberde ýygnanýandyr. Böwrek ýetmezçilikli näsaglarda GEK-den bedeniň arassalanmagy kynlaşýar.