Aminokapron turşusynyň 5%-li infuziýa üçin ergini

ganyň fibrinolitik işjeňligi ýokarlanan ýagdaýynda kardio we damar hirurgiýasynda, öýkenlerde,erkeklik mäzinde, aşgazanda, galkan görnüşli mäzde, ýatgyda operasiýalar geçirilende we köp mukdarda bedene gan goýberilende ulanylýar.
«Tenekär» derman kärhanasynyň önümleri

Önüm barada


Derman serişdesiniň gysgajyk häsýetnamasy:

Patentleşdirilmedik halkara ady: acidum aminocapronicum.

Düzümi: aminokapron turşusy- 5%.

Dermanyň görnüşi: infuziýa üçin ergini.

Kod: B02A A01.

Farmakoterapewtiki topary: fibrinoliziň ingibitory.

Farmakodinamikasy: aminokapron turşusy gemostatik häsýete eýedir. Plazmini plazminogeniň işjeňligini bökdemek bilen fibrinolizi peseldýär. Şeýlelikde plazmanyň fibrinolitik işjeňligi ýokarlananda ganakmalarda sistemalaýyn gemostatik täsir edýär.

Farmakokinetikasy: içilende çalt sorulýar. Ganyň plazmasyndaky C-max derejesi 1.5 sagatdan ýüze çykýar. T1/2-2 sagat. Esasy bölegi üýtgemedik görnüşde peşew bilen çykýar.

Ulanma görkezmeleri: ganyň fibrinolitik işjeňligi ýokarlanan ýagdaýynda kardio we damar hirurgiýasynda, öýkenlerde,erkeklik mäzinde, aşgazanda, galkan görnüşli mäzde, ýatgyda operasiýalar geçirilende we köp mukdarda bedene gan goýberilende ulanylýar.

Ulanylyşy we ulanylyş möçberi: ýiti ganakmalarda 1 sagadyň dowamynda natriniň hloridiniň 0,9%-li 250 ml ergininde eredilen 4-5 gramy damar içine goýberilýär. Tekge beriji bejergide 1 sagadyň dowamynda-1 gramy (50 ml) goýberilýär; infuziýa tä ganakmasy diňýänçä dowam etdirilýär ýöne 8 sagatdan uzak bolmaly däldir.Içmek üçin 5 gramdan bellenýär, soňra 8 sagadyň dowamynda her sagatda bir gezek ganakmasy doly durýança içmelidir.

Garşy görkezmeleri: tromblaryň döremeginiň ýokarlanan ýagdaýynda we emboliýalarda, böwrekleriň işleýiş funksiýalarynyň bozulmasynda, beýniniň gan aýlanşygynyň bozulmasynda, DWS-sindromunda, ýokarky peşew çykaryş ýollarynyň näbelli sebäplere görä ganakmasynda.

Işlenilmeýän täsirleri: rabdomioliz, mioglobinuriýa, ýiti böwrek ýetmezçiliginde, ýürek bulanma, diareýa, titreme, gipotoniýa, kelle agyry, baş aýlanma, gulaklaryň saňlamasy, burun bitmesi, deri örgüni.

Göwreli aýallarda we çaga emdirilýän döwründe ulanylyşy:göwreli zenanlarda we çaga emdirilýän döwründe ulanmak bolmaýar.

Dermanlar bilen özara täsiri:göni we göni däl antikoagulýantlar antiagregantlar onuň täsirini peseldýär.

Saklanyş şertleri:gury, salkyn, ýagtylykdan goralýan we çagalaryň elýetmez ýerinde saklamaly.

Ulanma möhleti: 2 ýyl.

Gaplama görnüşi: deman çüýşe 100 ml.ş