Wulkan palçygy

Kosmetiki bejergide ýer jümmüşinde emele gelýän wulkan palçyklary giňden ulanylýar. Bu palçyk mikroelementlere baýdyr. Bejeriji melhem palçyklar organiki we mineral maddalara baý bolup, özüniň oňat çeýeligi we ýokary ýylylyk sygymy bilen tapawutlanýar.
Bejeriş palçygy we duzy

Önüm barada


Wulkan palçygynyň gysgajyk häsiýetnamasy we kosmetalogiýada ulanylyşy 

Agramy: 300 g we 600 g

Düzümi: Wulkan palçygy.

Kosmetiki bejergide ýer jümmüşinde emele gelýän wulkan palçyklary giňden ulanylýar. Bu palçyk mikroelementlere baýdyr. Bejeriji melhem palçyklar organiki we mineral maddalara baý bolup, özüniň oňat çeýeligi we ýokary ýylylyk sygymy bilen tapawutlanýar. 

Bu kosmetiki palçyk özüniň emele gelşi boýunça seýrek duş gelýän wulkan palçygynyň esasynda taýýarlanan.

Täsir edişi:

Palçyk esasynyň gurluşynyň näzikliligi sebäpli bu mineral wulkan palçygy islendik görnüşdäki deriler üçin we şonuň bilen birlikde has näzik duýgur bolan boyun we yüz derileri üçin hem ulanmaklyk yerliklidir we peýdalydyr. Bu palçyk çişiň döremegine garşy işjeň täsir edýär we bio-işjeňligi herekete getirýär. Palçygyň düzümindäki maddalar mikro ganaýlanşygyny, deridäki madda alyş-çalşygyny işjeňleşdirýär; şikeslenen epidermis gatlagyny gowy arassalaýar we dikeldýär. Bu palçyk düwürtikleriň we çişleriň emele gelmegine meýilli ähli görnüşdäki derileriň adaty çeýeligini dikeldýän tapylgysyz palçykdyr. Mikroblara we kömeleklere garşy güýçli häsiyete eýe bolan bu palçyk goňagyň öňüni almaga we ony ýok etmäge örän peýdalydyr. Bu bejergi palçygy ýokary derejede minerallaşan we epidermisde sowuklama garşy aýdyň täsir edýär.

Kömek edýär:

Deriniň ýaşarmagyna
Ýygyrtlaryň ýazylmagyna (tekizlenmegine)
Deriniň minerallar we witaminler bilen baýlaşmagyna
Düwürtikleri ýok etmäge
Deri pigmentasiýasyny, nätekizligini, giňelen düwürtik deşiklerini bejermäge

Görkezmeler:

Ýüz we boýun derisiniň mürşelmegi we ýygrylmagy

Gaýtalanýan deri keseli

Sellýulit

Seboreýa (deri ýag mäzleriniň artykmaç ýag bölüp çykarma keseli)

Giňelen deşikler

Ýygyrtlar

Keloid ýara yzy

Deride kosmetiki we hirurgiki operasiýalaryň netijelerinde dörän ýaralar

Ýanyk yzlary

Sowuk alma

Aýak derisiniň aşa derlemegi

Saçyň düşmegi we bölekleýin seýreklenmesi

Deriniň garramagynyň öňüni alyş

GARŞY GÖRKEZMELER:

Keselleriň ötüşen ýagdaýlary

Şahsy götermezlik

Deriniň allergik reaksiýa ýykgynlylygy

Teniň gyzgynlyk derejesiniň ýokary galmagy we ýerli çişleriň bolmagy

Islendik gan akmalaryň işjeňligi

Onkologiýa keselleri

Inçe kesel

Ýürek- damar ulgamynyň keselleriniň birnäçe görnüşleri

Ulanylyşy:

Gurak deriler üçin örtgi (maska):

Palçyga birnäçe damja zeýtun ýagyny goşmaly. Çalmazdan öň palçygy 37-38oС derejä çenli gyzdyrmaly we 2 mm galyňlykda yüzüňize çalmaly. Örtgüni çalanyňyzdan soň 10-15 minut saklamaly.

Ýagly deriler üçin örtgi:

Ýüz derisiniň deşiklerini kiçeltmäge we düwürtükleri guratmaga kömek edýär. Çalmazdan öň palçygy 37-38oС derejä çenli gyzdyrmaly we 2 mm galyňlykda yüzüňize çalmaly. Palçygy çalanyňyzdan soň 20-25 minut saklamaly. Örtgi gurandan soň ony suw ýa-da çopantelpek, demrewoty gaýnadylan suw bilen ýuwmaly. Deriňize 20-30 minut dynç beriň. Soňra ýüzüňizi losýon bilen süpüriň we ýagly deriler üçin krem çalyň.

Seboreýa, goňaga we saçyň düşmegine garşy örtgi:

Örtgüni saç örümleriniň arasynyň arassa derisine çalmaly. Soňra kelle merkezinden başlap ýeňsä çenli ýeňil owkalamaly we 1 sagat ýörite plýonkadan dikilen kelle örtügini (şapka) geýip ýatmaly. Soňra, şampun ulanmazdan, palçygy ýyly suw bilen ýuwmaly.

Bejergi wagty saçyň çalaja solmagy mümkin, ýöne bejergi tamamlanandan soň saçlaryň öwüşgüni dikelýär. Şol bir wagtda kelle agyryny we depressiýany hem aýyrýar.

El üçin örtgi:

Suw bugunda 37-40oС derejede gyzdyrylan palçygy eliňize ýuka edip çalmaly. Plastik ellikleri geýip, ony 50oС derejede gyzdyrylan suwda 30-40 minudyň dowamynda saklamaly. Soňra palçygy suw bilen ýuwmaly we 15 minutdan soň el kremini çalmaly. Bu ýapgyny ýatmazdan öň etmek örän peýdalydyr. Şondan soň eliňize çalnan palçygy ýuwup, gury deriler üçin kremi çalmaly we pagtadan edilen elligi geýmeli.

Aýak üçin palçyk örtgüsi (aýak agyrysyny we ýadawlygyny aýyrmaga kömek edýär):

37-40oС derejede gyzdyrylan palçygygy pakeda salmaly we oňa dabanyňyzy goýmaly. Palçygy dabanyňyza çalmaly we ony 50oС derejeli ýyly suwly wannada 30-40 minut saklamaly. Palçygy ýuwmaly we 15 minutdan soňra aýak kremini çalmaly. 50-150 g möçberinde palçyk ulanmaly.

Kosmetologlar üçin ýagly derileri mehaniki taýdan arassalaýyş işinden öň buglanmasy. Çalmazdan öň palçygy 40-42oС derejä çenli gyzdyrmaly we 3 mm galyňlykda yüzüňize çalmaly. Soňra ýüz üçin niýetlenen, göz, burun we dodak açylyp duran plýonkany ýüzüňize ýapyň we onuň üstüne çyglanan ýyly polotensany goýuň. Palçygy çalanyňyzdan soň 10-15 minut saklamaly. Örtgüni gowy sykylan sponž bilen aýryň we yara yzlaryny, tegmilleri ýok edýän arassalamak işini ýerine ýetiriň.

Palçygy 40oС derejä çenli gyzdyryp, ony buglanan arassa yüze çalmaly we 30-40 minut saklamaly. Soňra ýuwmaly. 10-15 minut geçenden soň yüzi süpürmeli we günden goraýan krem çalmaly.

Ünüs beriň! Örtgüniň guramagyna ýol bermäň. Wagtal-wagtal suwlamaly ýa-da örtgüni çalandan soň gözüňizi, burnuňyzy we dodagyňyzy örtmän, yüzüňizi iýmit plýonkasy bilen ýapmaly. Örtgüni suw ýa-da dermanlyk otlaryň gaýnadylan suwy bilen ýuwmaly.

Derä 20-30 minut dynç beriň. Soňra bolsa derini gurplandyryjy serişdeler bilen süpürmeli we iýmitlendiji krem çalmaly.

Bellik: bu serişde ýokarda görkezilen ähli ýagdaýlarda ulanylanda aşakdakylar bolup biliner:

Deriniň çalaja awuşamagy we agyrmagy
Deriniň çalaja gyzarmagy (giperemiýa)
Örtgüni ulanmazdan öň, palçygy gowy garmaly we deri barlaglaryny geçirmeli. Munuň üçin palçykly garyndynyň az mukdaryny tirsegiň iç tarapyna ýa-da goşaryňa çalmaly we garaşmaly. Deri gyzarsa ýa-da ötme alamatlary ýüze çykan halatynda, palçygy ulanmak maslahat berilmeýär.

Bejergi palçygy lukmanyň maslahaty bolmazdan ulanmaň. Mundan başga-da bu ýapgynyň garşy görkezmeleri bilen hem tanyş boluň. 

Gaplama görnüşi: polipropilen gutuda.

Saklanyş şerti: 25оС derejeden gyzgyn bolmadyk ýerde, berk ýapylan gapda we dik ýagdaýda saklamaly.

Saklama wagty palçygyň howa bilen okislenip, sähelçe reňkiniň üýtgemegi onuň hiline täsir etmeýär.

Möhleti: 12 aý.