Mollagara melhem palçygy

Mollagara duzly kölüniň sulfidli palçygy, goýy çal reňkli garyndy bolup, özüne mahsus bolan kükürtwodorod ysy bar. Bu palçyk mineral duzlardan, mikroelementlerden, biologiki işjeň maddalardan ybarat bolup, terapewtiki häsiýete eýedir.
Bejeriş palçygy we duzy

Önüm barada


Mollagara kölünüň gyrmança palçygyny ginekologiýada we urologiýada ulanmagyň görkezmeleri.

Agramy: 120 g

Düzümi: Mollagara kölüniň gyrmança palçygy.

Mollagara duzly kölüniň sulfidli palçygy, goýy çal reňkli garyndy bolup, özüne mahsus bolan kükürtwodorod ysy bar. Bu palçyk mineral duzlardan, mikroelementlerden, biologiki işjeň maddalardan ybarat bolup, terapewtiki häsiýete eýedir.

Täsiri:

Mollagara palçygy mikroblara garşy güýçli täsir edijilik häsiýetine eýe bolup, kesel döredýän mikroblaryň ösmeginiň, ulalmagynyň öňüni alýar, hatda olary ýok etmek ukybyna hem eýedir. Bu bejergi palçyk ýokary derejede minerallaşan we sowuklama garşy aýdyň täsir edýär.

Ulanyş usuly:

Ginekologiýada: Tampony goýmazdan ozal palçykly akkordeony termostatda ýa-da suw hammamynda 40-45оС derejä çenli gyzdyrmaly, soň akkardeony mynçgalamak ýoly bilen palçygy garyşdyrmaly. Taýýar bolan palçygy bir gezeklik ulanylýan ýörite enjamyň kömegi bilen jyns agzasyna salmaly. Em 10 minutdan 30-40 minuda çenli, günde ýa-da hepdede 4 gezek geçirilýär. Emden soň palçygy sprinsowaniýa ýoly bilen ýuwmaly. Sprinsowaniýa üçin kaliý permanganatynyň gowşak ergini ýa-da dermanlyk otlaryň demlemesi ulanylýar. Bejerginiň dowamlylygy 12-15 emden ybarat.

Görkezmeler:

Ginekologiýada: Ýatgynyň we onuň ýollarynyň, aýal jyns agzalarynyň, ösüntgileriniň sowuklamagy sebäpli önelgesizligi, kämilleşmedik jyns agzasy, gormonal häsiýetli önelgesizlik, perimetritler, perisalpengitler, kiçi çanakda sepleşme, metroendometritler, bakteriýaly waginoz, kolpitler, göwreli bolup bilmezlik, ýumurtgalygyň işjeňliginiň pesligi.

Garşy görkezmeler:

Ginekologiýada: Ýatgynyň inçelýän ýeriniň polipi, endometrioz, ýatgynyň gan akmasy, ganly eroziýa, palçyk bilen bejerişiň umumy garşy görkezmeleri.

Ýokarda sanalyp geçilen garşy görkezmeleriň hiç haýsysy bolmanda-da, palçyk bilen bejergä başlamazdan ozal hökman lukman bilen maslahatlaşmaly.

Palçyk bejergisini almazdan öň palçygy gowy garmaly we deri barlaglaryny geçirmeli. Munuň üçin palçykly garyndynyň az mukdaryny tirsegiň iç tarapyna ýa-da penjäniň arkasyna çalmaly we garaşmaly. Deriniň gyzarma ýa-da beýleki islenilmeýän alamatlary ýüze çykan halatynda, palçygy ulanmak maslahat berilmeýär.

Gaplama görnüşi: Bir gezeklik ulanylýan akkardeon görnüşli polietilen gap.

Saklanyş şerti: Gury, salkyn, ýagtylykdan goralýan we 0-25оС dereje aralygynda, ýylylyk çeşmesinden uzakda, öz gabynda saklamaly.

Ulanma möhleti: 1ýyl.