“Türkmenderman Ajanta Farma Limited” Bilelikdäki kärhanasy

“Türkmenderman Ajanta Farma Limited” Bilelikdäki kärhanasy “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda 1998-nji ýylyň dekabr aýynyň 11-de işe girizildi. Ony 50%-50% maýa goýumlary bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” birleşigi hem-de Hindistanyň “Ajanta Farma Limited” firmasy esaslandyrdylar.
Aşgabat şäheri, 1957 (Oguzhan) köçesi, jaý 47

Önümleri

Ählisi
Kärhana barada

“Türkmenderman Ajanta Farma Limited” Bilelikdäki kärhanasy “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda 1998-nji ýylyň dekabr aýynyň 11-de işe girizildi. Ony 50%-50% maýa goýumlary bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” birleşigi hem-de Hindistanyň “Ajanta Farma Limited” firmasy esaslandyrdylar.

Onuň 7 sany önümçilik bölümi bolup, olarda gerdejikler, süýri däneler, külke görnüşli antibiotikler, çüýşejiklerde we derman çüýşelerde sanjym serişdeleri, melhemler öndürilýär. Ulanyş ugurlary barada aýtsak, olaryň arasynda antibiotikler, dürli agyry aýryjylar, ýürek, bagyr, böwrek, aşgazan-içege kesellerine garşy ulanylýan we beýleki köp sanly dermanlar bardyr.

Kärhana bir wagtda 220 adamy iş ýeri bilen üpjin edip bilýär. 

Bu ýerde öndürilýän dermanlaryň esasy bölegi saglyk ätiýaçlandyrmasy bilen ilata ýeňillikli goýberilýän dermanlardyr. Şu güne çenli kärhana dürli dermanlaryň 100 görnüşini öndürdi.

Kärhananyň hil üpjinçiligi bölümi häzirki döwrüň talaplaryna gabat gelýän enjamlar we ýokary bilimli hünärmenler bilen doly üpjin edilen. Onda kärhanada ulanylýan çig mallar we gaplaýjy serişdeler, öndürilýän ähli dermanlar doly we hemme taraplaýyn barlanylýar.

Önümçilikde ulanylýan çig mallar we gaplamalar esasan Ýewropadan we Hindistandan getirilýär.

Kärhananyň öndürýän dermanlary hili, täsirliligi we howpsuzlygy taýdan dünýa derejesindäki talaplara gabat gelip, olar gysga wagtyň içinde halkymyzyň we lukmanlarymyzyň islegini gazandy.

Hormatly Prezidentimiziň görkezmelerinden ugur alyp, ýurdumyzda bitýän dermanlyk çig mallardan derman serişdelerini öndürmek maksady bilen, kärhananyň hünärmenleri ýerli alymlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda türkmen buýanynyň esasynda täze derman serişdesini – “Buýan” süýri dänesini öndürdiler we halkymyza ýetirdiler. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri kärhanany her taraplaýyn barlap, onuň ähli bölümleriniň işleýşine ýokary baha berdiler.