Bejeriji palçyklary we deňiz duzuny gaplaýan kärhana

Kärhananyň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 14-nji sentýabryndaky “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň” derman senagaty kärhanalaryny gurmak hakynda 12548 belgili Kararyna laýyklykda amala aşyryldy.
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Mollagara şypahanasy

Önümleri

Ählisi
Kärhana barada

Kärhananyň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 14-nji sentýabryndaky “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň” derman senagaty kärhanalaryny gurmak hakynda 12548 belgili Kararyna laýyklykda amala aşyryldy. Türkmenistanyň tebigaty dürli saglyk ähmiýetli tebigy serişdelere baýdyr. Şolaryň arasynda dürli palçyklar we deňiz duzlary uly orun tutýar. Palçyklar iki topara bölünýärler: gyrmança we wulkan palçyklary.

Gyrmança palçyklarynyň arasynda Mollagara palçygy diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem bütin dünýäde bellidir. Onuň bejeriji häsiýetiniň köp ugurlydygy sebäpli Mollagara şypahanasy halkarasynda uly islegden peýdalanýar. Soňky ýyllarda Mollagara palçygynyň kosmetologiki häsiýetleri öwrenildi we onuň deri üçin örän giň ýaramly täsirleriniň bardygy anyklandy. Ol deride öýjük täzeleýji we gurplandyryjy, deriniň aşagyndaky gan aýlanyşygyny çaltlandyryjy, deriniň garramagynyň hem-de sellýulitiň döremeginiň öňüni alyjy, derini tämizleýji häsiýetleri ýüze çykarýar. Kärhana 2 sany esasy bölümden durýar: Önümçilik bölümi we Hil barlagy bölümi.

Önümçilik bölümi

Bölümiň işi ýokary derejede gurnalan. Bölüm 4 sany bölümçeden düzülip,olar öz aralarynda kompýuter arkaly arabaglanşykly işleýärler.

Suw taýýarlajy bölümçe

Bölümçede Italiýa döwletiniň Aqualine 1 “Housing” kompaniýasynyň osmos enjamy ornaşdyrylandyr. Enjam 1 sagatda 500 litr arassalanan suw öndürmäge ukyplydyr. Önümçilikde ulanylýan suw Ýewropa talaplaryna laýyk gelýär. Arassalananan suw aseptiki şertlerde awtomatiki usulda 3 000 litr göwrümli gaba guýulýar.

 Palçyk arassalaýjy we gaplaýjy bölümçe.

Tebigy çeşmeden getirilen palçyk ýöriteleşdirilen elegiň kömegi bilen iri daşlardan we beýleki garyndylardan arassallanýar. Soňra palçyk ýörite sorujylaryň kömegi bilen reaktora berilýär, arassalanan suw bilen gerekli gatnaşykda garylýar we guýujy ulgama geçirilýär.

Bu ulgamda önüm gaplanýan mukdarlara bölünýär we gutulara guýulýar, alýumin folga bilen gutynyň agzy ýapylýar, gapaklanýar. Önüm bilen doldurylan gutulara ýarlyklar ýelmenýär, karton gaplara gaplanýar we ammara ugradylýar. Bu bölümiň önümçilik enjamlary Italiýanyň tehnologiýasy boýunça Türkiýe döwletinde Elektromag, Usulpak we Setpak kompaniýalary tarapyndan taýýarlandy. Olar dürli palçyklary 50 g, 120 g, 300 g, 600 g we 1 000 g agramda gaplamaga ukyplydyr. Bu enjamlaryň ortaça önümçilik kuwwaty 1 sagatda 600 gap taýýar önüm.

Duz arassalaýjy we gaplaýjy bölümçe

Tebigy çeşmeden getirilen duz ilkinji tapgyrda gerekli ölçege çenli owradylýar, soňra ýöriteleşdirilen elekde daşlardan, metal we beýleki garyndylardan magnitleriň kömegi bilen arassalanýar. Arasssa duz köpgatly elekde dürli ölçeglere bölünýär. Soňra önümçilik dessurlaryna laýyklykda duza ýörite reaktorda aromatizator goşulýar we gerekli reňk berilýär. Gaplaýjy ulgamda önüm gaplanýan mukdarlara bölünýär we gutulara guýulýar, soňra gerekli lasion goşulýar, alýumin folga bilen gutynyň agzy ýapylýar, gapaklanýar. Önüm bilen doldurylan gutulara ýarlyklar ýelmenýär, karton gaplara gaplanýar we ammara ugradylýar. Köpgatly elekden geçirilen duzyň bir bölegi ýörite presiň kömegi bilen gerdejik görnüşine geçirilýär. Gerdejikler 15 g, 25 g we 160 g agramda öndürilýär. 15 g agramly gerdejikler suw arassalaýjy osmos enjamynda regenerasiýa geçirmek üçin ulanylýar. 25 g agramly gerdejiklere dürli derman otlar goşulýar we olara bejeriji häsiýetler berilýär. Bu duzlar karton gaplara gaplanýar. Bu bölümiň önümçilik enjamlary Italiýanyň tehnologiýasy boýunça Türkiýe döwletinde Elektromag, Usulpak we Setpak kompaniýalary tarapyndan taýýarlandy. Olar duzlary 25 g, 160 g, 250 g we 500 g agramda gaplamaga ukyplydyr. Bu enjamlaryň ortaça önümçilik kuwwaty 1 sagatda 3 600 gap taýýar önüm.

Hil barlagy we mikrobiologiki bölümi

Bu bölümde pH-metr, suwuň düzümini barlaýjy, Refraktometr, Densitymetr, Wizkozimetr we beýleki gerekli enjamlar ornaşdyrylan. Bölümde kärhananyň önümçiliginde ulanylýan suwuň himiki düzümine, taýýarlanan önümleriň hiline we mukdaryna häzirki zaman talaplaryna laýyklykda barlaglar geçirilýär.z